NESIL TERBIÝESI – MUKADDES ÝÖRELGE
11-04-25
Halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň derejede ösýän edep-terbiýe kämilleşýär, arkama-arka dowam edýän ýörelgelere öwrülýär. Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýaşlaryň maşgalada, köpçülik ýerlerinde özüni alyp baryşlary ýaşulularyň nazaryndan sypmandyr. Olar durmuş tejribelerini dilewar, märekesöýer, şahandaz, guýmagursak zehinli adamlar tarapyndan döredilen halky eserlere siňdirip, perzentleriniň aňyna guýmagyň hötdesinden gelipdirler. Ýiti aňyň, dury akyl-paýhasyň, ýatkeşligiň eýesi bolan pederlerimiz özleriniň döreden eserlerini hakydalarynda aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty bilen dolandyrylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne-de ýetiripdirler.
Türkmenlerde nesil terbiýesine uly üns berlipdir. Ýaş nesli halal, dogruçyl, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmek hakda aladalanylypdyr. Çaga ilkinji terbiýäni maşgalada alýar. Ýaşlaryň ruhy-ahlak terbiýesinde maşgalanyň orny uludyr. Agzybir, halal zähmet çekýän maşgalada kämil şahsyýetler kemala gelýär. Türkmen maşgalasynda terbiýe diňe öwüt-ündew bilen däl, eýsem, görüm-görelde bilen berilýär. Şonuň üçin terbiýe berlende, gaty seresaply çemeleşilmeli. Maşgalada çaga ahlak, ylmy, medeni gymmatlyklar öwredilip, ol durmuşa ruhy, akyl, beden taýdan taýýarlanylýar. Ynsanda maşgalada alan terbiýesine görä gylyk-häsiýet döreýär. Çaganyň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýet bolup ýetişmeginiň baş çelgisi millilikdir. Çünki öz halkyny söýýän, geçmiş taryhyny, edebiýatyny, medeniýetini bilýän, oňa buýsanýan, milli däp-dessurlaryny hormatlaýan ynsan beýleki halklaryň milli aýratynlyklaryna hem hormat goýup biler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy”, Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaplarynyň içinden taryhymyza, edebiýatymyza, milli medeniýetimize, sungatymyza bolan çäksiz söýgi, buýsanç, hormat eriş-argaç bolup geçýär. Bu gymmatly eserlerde hal-ahwal soraşmak, salamlaşmak, minnetdarlyk bildirmek, özüňden ululary sylamak, kiçileri hormatlamak, goňşular bilen gatnaşyk, goňşokara alyşmak, il-günüň toý-märekesine gatnaşmak, hassa soramak, oňa duýgudaşlyk bildirmek babatyndaky däp-dessurlarymyz durmuşy mysallaryň üsti bilen beýan edilýär.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” türkmen halkynyň uzak ýyllaryň dowamynda sünnäläp, kämilleşdirip häzirki döwre ýetiren milli gymmatlyklaryna, geçmiş mirasymyza, perzent terbiýesinde ulanylan edep ýörelgelerine bolan üns barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň mundan bu ýana-da gülläp ösmeginde ýaşlara uly orun berilýär, çünki ýaşlar uly güýçdür. Jemgyýetiň ep-esli bölegi ýurdy gözelleşdirjek, ösdürjek ýaşlardyr. Lukman Hekimiň öwüt-nesihatlarynda şeýle sözlere gabat gelmek bolýar: “Hoşgylyk adam kesekileriň garyndaşy bolsa, betgylyk adam garyndaşlaryna keseki bolar”. Hoşgylyklylyk, mylaýymlyk, sadalyk, pespällik, kiçigöwünlilik edepliligiň esasy alamatlaryndandyr.
Millilik, ilkinji nobatda, ene dilimizden gözbaş alýar. Ene dilimizi ähli ylymlaryň aýnasy hasaplan pederlerimiz nesillere ýüz dil bilýän hem bolsaň, öz ene diliňi unutmazlygy wesýet edipdirler. Dil halkyň asyrlarboýy sünnäläp, aýap, kämilleşdirip gelen iň uly milli gymmatlygydyr. Hormatly Prezidentimiz bu barada “Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly” diýip belledi. Baý, şahyrana dilimiz, gaýtalanmajak edebi eserlerimiz bizde ene dilimize, milliligimize bolan söýgini, hormaty terbiýelemekde esasy serişdedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň mazmuny, çeperligi we taryhy kökleri has çuň heňňamlara aralaşýan milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Halkymyzyň maddy we ruhy hakydasyny dikeltmekde, milli medeniýetimiziň egsilmez baýlyklaryny öwrenmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Selbi SAPAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.