KÖRPELER DÖWREBAP USULLAR ARKALY TERBIÝELENÝÄR

11-04-25

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hil taýdan ýokary derejesini üpjün edýär. “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda üstünlikler gazanyp, halkara giňişliginde uly abraýdan peýdalanýar. Elbetde, jemgyýetimiziň umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin döwrebap şertleriň döredilmegi täze mümkinçilikleri we çemeleşmeleri ýüze çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, dünýä ylmynyň gazananlaryndan habarly, bilimli nesliň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşi dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň esasynda sanly bilim ulgamyna doly geçilmegi, okatmagyň innowasion usullary bilen utgaşdyrylyp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagy bilen pugta baglanyşyklydyr.

Täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy netijesinde, özbaşdak işleri guramakda, sapaklaryň dürli görnüşleri ulanylýar. Bu tehnologiýalaryň öwrediji oýunlary ulanmakda hem peýdasy uludyr. Çaganyň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek üçin sanly bilim serişdelerine uly orun degişlidir. Häzirki wagtda körpeler goşgularyň, aýdymlaryň, ertekileriň, matallaryň üsti bilen däp-dessurlarymyzy öwrenýärler, döwrebap bilim we milli terbiýe alýarlar. Ola­ra ça­ga­lar bag­la­ryn­da il­kin­ji dü­şünjeler berilýär, dil baýlyklary artdyrylýar. Her bir alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işi ýurdumyzyň şu günki gazananlary, ýagny çaganyň günde-günaşa görüp-eşidip ýören zatlary bilen deňeşdirilse, özbaşdak pikirlenmek ukybynyň, ýatkeşliginiň, göz öňüne getirme başarnygynyň ösdürilmegine ugrukdyrylsa, onuň özüni şahsyýet hökmünde aňyp, jemgyýete degişlidigini duýup başlamagyna ýardam edýär.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmek we körpeleriň işjeňligini ýokarlandyrmakda sapaklar we sapakdan daşary guralýan terbiýeçilik pursatlar, ýagny gezelençler, guralýan dürli oýunlar ähmiýetli bolup durýar. Çagalar baglarynda guralýan her bir sapagy dürli usullarda gyzykly, kämil guramak, netijeliligini ýokarlandyrmak, çagalaryň öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak işi gönüden göni terbiýeçilere bagly bolup durýar. Çagalaryň sapaga gyzyklanmasyny artdyrmagyň täsirli serişdeleriniň biri hem sapak wagtynda we sapakdan daşary geçirilýän öwrediji oýunlardyr. Bu usul çagalarda sapaga bolan oňyn gatnaşygy emele getirýär, okuw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýeçi geçirilýän her bir sapakdaky temany çaganyň aňyna doly ýetirmek maksady bilen dürli öwrediji oýunlary çaganyň ýaş aýratynlygyna, maksatnama mazmunyny özleşdirişlerine görä peýdalanmagy başarmalydyr. Ýönekeý matematiki düşünjeler öwredilende günüň dowamlylygyny, yzygider gelýän günleriň atlandyrylyşyny, düýnüň, şu günüň, ertiriň hepdäniň näçenji günüdigini, hepdäniň günleriniň yzygiderligini, aý, ýyl, pasyl bilen baglanyşykly maglumatlary dürli oýunlaryň üsti bilen berkitmek maksadalaýykdyr. Şeýle-de daş-töwerekdäki her bir zatda geometrik şekilleri görmek, geometrik şekilleriň reňkini, ölçegini tapawutlandyrmak dürli oýunlaryň üsti bilen öwredilýär.

Körpe neslimizi ylymly-bilimli, ata Watanymyza, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly, giň gözýetimli, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer ýaşlar edip ýetişdirmegiň her bir bilim işgäri üçin mukaddes borç bolup durýandygyny her birimiziň bilmegimiz zerurdyr. Şeýle guramaçylykly sapaklary gurap, işjeň we döwrebap tehnologiýalar arkaly nesillerimiziň bilim-terbiýesini ösdürmäge, döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Oguljennet ÇOPANOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.