Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek — Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry

04-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan innowasiýalar we özgertmeler syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, bu ugurda uly üstünlikleri gazanýar. Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilikli başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar.

Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan Bitaraplyk syýasatymyz durandyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýyl ýurdumyz üçin taryhy senä — hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna beslenýär. Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ugruny we mazmunyny kesgitleýän, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen bu hukuk derejesi döwletimiziň içerki ösüşine, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Häzirki wagtda dünýäde ähmiýeti barha artýan bilim we ylym ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda bar bolan kuwwatyň berkidilmegi, bilimleri döretmäge hem-de özgertmäge ukyplylyk, adam maýasynyň ösdürilmegi, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, onuň täze sepgitlere ýetmeginiň möhüm şertidir. Şunuň bilen baglylykda, iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine, ynsanperwer ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzyň meýilnamalaýyn esasda alyp barýan bilim we ylym diplomatiýasy wajyp orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler bilim işine halkara standartlaryň ornaşdyrylmagyna, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir.

Bu günki gün döwrüň talaplaryndan ugur alyp, bilim işi we ylmy usulyýetler, okuw meýilnamalarydyr maksatnamalary kämilleşdirilýär. Degişli kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli berkidilip, ugurdaş edaralaryň hyzmatlarynyň gerimi giňeldilýär. Interaktiw we uzak aralykdan okatmagyň usullaryndan peýdalanmak üçin täze mümkinçilikler açylýar. Ýaş nesliň watançylyk, zähmetsöýerlik, milli ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine uly üns berilýär. Şunda bilim işgärleriniň taýýarlanylmagy, olaryň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagy hem ileri tutulýan ugurdyr.

Her ýyl bilim ulgamynyň ösdürilmegine köp möçberde serişdeler gönükdirilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän mekdebe çenli edaralar, umumybilim berýän orta mekdepler, ýokary okuw mekdepleriniň täze toplumlary gurulýar. Hususan-da, häzirki wagtda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döwrebap binalar toplumlarynyň gurluşyklary alnyp barylýar. Bilim edaralary kompýuterler, multimedia we beýleki zerur enjamlar, okuw esbaplary bilen üpjün edilip, internete birikdirilendir. Elektron kitaphana çeşmeleri hem ýaşlaryň ygtyýaryndadyr. Durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde umumybilim berýän we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamasyna binýatlaýyn hem-de ugurdaş dersler bilen bir hatarda, täze ugurlar hem goşulýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze hünärler girizilýär. Ýaş türkmenistanlylaryň daşary ýurtlaryň abraýly bilim ojaklarynda okamaklary üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Häzirki wagtda Diýarymyzda takyk, tebigy we ynsanperwer bilimleri hem-de daşary ýurt dillerini okatmaga ýöriteleşen birnäçe mekdepler hereket edýär. Türkmen halkynyň baý taryhyny, medeni mirasyny çuňňur öwrenmek maksady bilen, okatmagyň täze usullary peýdalanylyp, aýry-aýry dersler boýunça goşmaça gurnaklar döredilýär hem-de çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulan ylmy edebiýatlar taýýarlanylýar. Bularyň ählisi milli bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmaga, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, giň dünýägaraýyşly, zehinli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri, saýlap alan kärine eýe bolmaklary, döredijilik we ylmy iş bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilip, kabul edilen döwlet maksatnamalarynda, konsepsiýalarynda, strategiýalarynda, kanunçylyk namalarynda öz beýanyny tapýar.

Soňky ýyllarda daşary ýurtlaryň iri bilim we ylmy merkezleri, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bolan Ösüş maksatnamasy, ÝUNISEF, ÝUNESKO, Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä eýe boldy. Bu düzümler bilen bilelikde birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Dünýäniň bilim edaralaryny parahatçylyk döredijilik, ynsanperwer gymmatlyklary ilerletmek, medeniýetara dialogy netijeli ösdürmek ýaly umumy maksatlaryň daşyna birleşdirýän ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna Türkmenistanyň orta mekdepleriniň birnäçesiniň girizilmegini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Şeýle-de aýry-aýry ýokary okuw mekdeplerimizde ÝUNESKO kafedralary we klublary döredildi.

Şeýlelikde, ýurdumyzda ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine işjeň gatnaşmaklary, innowasion başlangyçlaryny we döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmekleri üçin ähli amatly şertler döredilendir. Ylym-bilim ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan döwletleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşmaga esaslanýan netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Munuň özi ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertidir.

Ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde, sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Eziz ANNAMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologiki anatomiýa kafedrasynyň mugallymy.

16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.