MILLI TERBIÝEÇILIK MEKDEBI – KÄMILLIGIŇ NUSGASY
08-04-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň ýaşlary milli ruhda, sagdyn bedenli, ösen aň-düşünjeli nesiller edip terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şöhratly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ylma, bilime, döredijilikli zähmete sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşup gelen, dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyran halkdyr.
Öz neslinde kämilligi görmek isleýän halkymyz hemişe maşgala terbiýesine aýratyn üns berýär. Her bir maşgalada terbiýäniň gözbaşy hökmünde ata-babalarymyzdan gelýän edep-ekramlylyk, asyllylyk, mylaýymlyk, mertlik ýaly ýörelgelerden ugur alynýar. Terbiýe meselesinde hiç hili ýalňyşlyga ýol bermegi gowy görmeýän halkymyz öz milli terbiýesine togaplydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen, merdana halkymyzyň bu asylly ýörelgesi häzirki döwürde döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýär.
Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde ata-babalarymyzdan miras galan asylly däpler, milli ýörelgeler häzirki döwrüň iň öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Türkmen ýaşlarynyň Watana wepaly ogul-gyzlar bolup ýetişmekleri bilen birlikde, olarda ýiti düşünjeliligi kemala getirmek, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň Watanymyzy gülledip ösdürjek hünärmenler bolup ýetişmegini gazanmak esasy ugurlaryň biridir. Şonuň üçin hem terbiýe, esasan, maşgalada, mekdepde berilýär. Bu babatdaky tagallalaryň birleşmesi bolsa terbiýäni maksadyna ýetirýär.
Asylly terbiýäniň gözbaşy ene hüwdüsinden başlanýar. Munuň özi çaganyň ilkinji günlerden terbiýe hem-de mähir bilen gurşalmalydygyny aňladýar. Şonuň üçin ene hüwdüsinde çaganyň mert ýigit bolmagy, Watana wepalylygy arzuw edilýär. Çaga ulalyp söze düşünip başlanda bolsa, oňa ýagşy söz bilen öwüt berilýär. Bu, esasan, türkmen nakyllary, atalar sözi bilen baglanyşyklydyr. Çünki öwüt-nesihatda paýhasly sözleriň getirilmeginiň uly many-mazmuny bar. Ilki bilen, çaga paýhasly sözlerden, nakyllardan edep-terbiýe alýar. Şeýle hem paýhasly sözler ýaş nesilleriň ýagşy sözli, görüm-göreldeli bolmagyna, söz baýlygynyň ösmegine oňat täsir edýär.
Terbiýäniň özeninde sagdyn durmuş endiklerini kemala getirmek hem durýar. Bular hakynda aýdanymyzda kitap okamak, köpräk diňlemek endikleri bolup, bular terbiýe meselesinde hem kämil häsiýetler hasaplanýar. Şu ýörelgelere eýermek endigi kemala gelen nesiller okamak arkaly özlerinde iň gowy häsiýetleri, kämil düşünjeleri kemala getirip bilýärler. Zamanamyzyň uly ösüş-özgerişleri ýaşlarda okamak endigini artdyryp, olaryň giň dünýägaraýyşly bolmagyny üpjün etmekdir. Sanly ulgam arkaly kitaplaryň köpdürli görnüşlerinden peýdalanyp hem bilýärler.
Halkymyzyň milli medeniýetine, edebi döredijiligine siňen terbiýeçilik mekdebi halk döredijiliginde hem giňden şöhlelenýär. Halkyň milli terbiýeçilik mekdebi “Gorkut ata”, “Oguznama”, “Görogly” ýaly şadessanlarda we beýleki halk döredijilik eserlerinde doly beýan edilýär. Akyldar Magtymguly şahyryň, Döwletmämmet Azadynyň, şeýle hem beýleki nusgawy şahyrlaryň, häzirki döwrüň ýazyjy-şahyrlarynyň döredýän eserlerinde terbiýeçilik häsiýetli aýdyň pikirler hemişe öň hatarda goýulýar. Terbiýeçilik babatda pähimler hazynasynyň giden ulgamyny döreden pederlerimiz ýaş nesli terbiýelemegiň dürli görnüşlerini we tärlerini bize miras goýupdyrlar. Atalar sözi, nakyllar, ertekilerdir rowaýatlar, matallardyr sanawaçlar terbiýe meselesinde bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen gurşalan ýaşlaryň geljegi has-da rowaçlydyr. Ýagty geljegimiz bolan ýaş nesiller bagtly ertirleri nazarlaýarlar. “Halkara parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýylynda” Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy ösdürmekdäki amala aşyrýan il-ýurt bähbitli beýik işleri, umumadamzat ähmiýetli taryhy özgertmeleri bu günki bagtyýar döwrümiziň nesilleriniň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde görüm-göreldedir. Bu meselede ata-eneleriň, mugallymlaryň orny örän uludyr. Bu gün türkmen ýaşlary Watana wepaly bolup, ajaýyp döwrümiziň ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Güljahan TEKÄÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 5-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.