Parahatçylyga barýan aýdyň ýollar

02-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz dünýä ýurtlary we guramalary bilen hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Şunda hoşniýetlilik ýörelgesine, oňyn Bitaraplyk syýasatyna uly ähmiýet berilýär. Türkmen halky parahatçylygy, dost-doganlygy asylly ýörelgesi hökmünde kämilleşdirip gelipdir. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp eserinde görmek bolýar. Bu nusgalyk kitapda halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýoly, hoşniýetlilik ýörelgesi hakynda giňişleýin, ylym esasda beýan edilýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy belent mertebedir, baky bagytdyr. Hemişelik Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän ýurdumyz berkarar bolmagy ugrunda tagallalary birleşdirýän döwlet, dünýäni parahatçylyga, adamzady ynanyşmaga ugrukdyrýan ýurt hökmünde tanalýar. Sebit we dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty ýola goýup, deňhukuklylyk, birek–birege hormat goýmak, hoşniýetli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bilen halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär.

Pähimdir pederlerimiziň il-günüň asuda, parahat ýaşamagyň ugrunda irginsiz alada edip, dünýäniň ýakyn alys ýurtlary bilen dostlukly gatnaşykary ösdürendikerini ençeme taryhy maglumatar beýan edilýär. Bu günki günde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp döwletimiziň agzybirligiň, parahatçylygyň nusgasyny dünýä ýaýyp gelmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ýörelgeleriň giňden dabaralanýandygyny we uly meşhurlyga eýe bolýandygyny görkezýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyň 30 ýyllygyny uly dabara bilen bellemäge taýýarlyk görülýär. Munuň özi dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, hoşniýetliligiň dabaralanmasydyr. Hemişelik Bitaraplyk - hakymyzyň aňyýetin, ruhy dünýäsine, ahlak gymmatlyklaryna ornaşan taglymat. Ol döwletimiziň, halkymyzyň abraýy-mertebesini tutuş äleme ýaýdy, ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam etdi, asudalykda, agzybirlikde ýaşamaga giňden ýol açyp, ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerimizi dünýäde giňden dabaralandyryldy.

Halkymyz agzybirlik, adalatlyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly häsiýetleri Oguz handan, Gorkut atadan, Görogly begden alyp gaydýar. Bu gün parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrülen Garaşsyz Türkmenistanyň gazanan hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we hoşniýetli goňuşyçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýär. Halkymyzyň şol gatnaşyklary, milli däp-dessurlarymyz gadym döwletlerden kemala gelipdir. Merdana halkymyzyň milli häsiýetleri we ajaýyp däp-dessurlary bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Bu ajaýyp mirasy aýawly saklamak, ýaş nesilleriň kalbyna ornaşdyrmak ata-baba edip gelýän däbimizdir.

Türkmeniň dutaryndaky her kakuwda, şirwan perdeden çykýan şirin mukamda ata-babarymyzyň terbiýe mekdebi ýaňlanýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de bütin adamzadyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň ýolydyr.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de bütin adamzadyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň ýoludyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarayndan iki gezek ykrar edildi. Ýurdumyz dünýä döwleter bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynanyşmak, özara ýardam bermek esasynda köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýýar.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi häzirki wagtda dünýän döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda giň özara gatnaşyklary ýola goýmakda, daşary strategiýany durmuşa geçirmekde ähmiýetli orna eýe boldy .

Halkymyzyň taryhy-medeini mirasyny gorap saklamak we giňden wagyz etmek, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy işeňleşdirmek boýunça ýurdumyzyň başlagyçlary Milletler Birleleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan etmek hakynda Karanamany kabul etdi. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň umumadamzadyň bähbidine göükdirlen syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Halkymyzyň eşretli şu güni, sanly we şuglaly ertiri hakda bimöçber aladalaryň edilýan döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny ýol ýörelge edinip, eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyna mynasyp goşant goşmak islegi her bir raýatyň kalbyny gurşap alýar. Goý, ýurdumyzyň ösüşleriň belent sepgitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Enejan HUDAÝGULYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly Gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.

16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.