PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK HEM-DE HALKARA HYZMATDAŞLYK ÝÖRELGELERINE ESASLANÝAN SYÝASAT
01-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa ornaşdyrylýan beýik işler halkymyzyň bähbidini nazarlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz ähli ugurlar boýunça döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz dünýäde belent abraýa eýe bolýar, halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyzyň öňe süren başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamany kabul etmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Şanly ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň Milletler Bileleşiginiň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Türkmenistanyň halkara giňişliginde Durnukly ösüş maksatlary, Öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlary yzygiderli goldanylýar. Şol teklipdir başlangyçlar esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 12-nji dekabryň “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edilmegi, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi döwletimiziň dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak, oňa goldaw bermek, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek işinde ygtybarly hyzmatdaşdygyny tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky taryhy çykyşynda öňe süren döredijilikli başlangyçlary hem Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ähmiýetini artdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň bu taryhy çykyşy Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine döredijilikli we jogapkärçilikli çemeleşmek bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda bütin dünýäde howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň biri-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk hem-de durnukly goramakda durmuşa geçiren işleriniň ähmiýetini has çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy tassyklanyldy. Şu ýylda eziz Watanymyzda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde möhüm meýilnamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da ilerledilmegine giň ýol açar. Kabul edilen Konsepsiýada häzirki zamanyň ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine ýurdumyzyň garaýyşlary beýan edilýär. Şeýle-de, özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda bitewi maksatlara ýetmek üçin döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek baradaky garaýyşlar kesgitlenilýär.
Döwletimiz BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerine işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe mejlislerinde wise-başlygyň borçlaryny belent abraý bilen ýerine ýetirendigini hem-de ýurdumyzyň döredijilikli başlangyçlary esasynda birnäçe halkara ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilendigini aýratyn nygtamak gerek. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebit we dünýäniň beýleki döwletleri bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de netijeli halkara gatnaşyklary ösdürmegi boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalara gol çekildi, möhüm ylalaşyklar gazanyldy.
Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler, gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, adamzadyň beýik geljegi parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bina bolýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy adamzadyň öňünde geljege barýan iň ygtybarly ýollary, adalatyň hem ýeňşiň ýollaryny açýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ata Watanymyz, bagtyýar halkymyz üçin asudalygyň, agzybirligiň, gazanylýan uly üstünlikleriň ýylydyr. Dünýäde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Begenç AMANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Kazyýet lukmançylygy kafedrasynyñ mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.