PARAHATÇYLYK HEM-DE YNANYŞMAK - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY

12-11-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar. Şu babatda aýdanymyzda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini hem aýratyn bellemek gerek. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa - parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň başlangyjy bilen dünýäde parahatçylygyň we dost-doganlygyň ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halk paýhasynyň parahat ýaşaýyş bilen baglylykdaky ähmiýetliligi dogrusynda söz açyp, “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynda parahatçylyk we agzybirlik ýaly häsiýetleriň milli aýratynlyklarymyza hemişe mahsusdygyny beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: “Türkmenler öz durmuş-medeni nusgasyny, parahatçylygy, agzybirligi üpjün edip gelen milli ýörelgelerini döreden halk hökmünde tanalýar. Ata‑babalarymyzyň döreden bu ýörelgelerini biz häzirki döwrüň örän ýokary derejede ösýän ylmy-tehniki pikirleri, tehnologiýa babatda ýokary ösüşler we mümkinçilikler, dünýäde giňden ykrar edilýän halkara başlangyçlar bilen sazlaşykly utgaşdyrýarys”. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen taryhy hakydadyr.

Ata Watanymyz başymyzyň täjidir. Ýurdumyzyň beýik ösüşlerine ähli ildeşlerimiz buýsanýar. Giň gerimli ösüşler bolsa hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyz üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde hasyl bolýar. Eziz Watanymyzyň beýik ösüşleri barada ýaş nesle yzygiderli maglumatlaryň berilmegi olarda watansöýüjiligi, milli buýsanjy ösdürýär. Biz ähli okuw-terbiýeçilik işlerimizde Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiziň gadyr-gymmatyna we ýurdumyzyň asylly başlangyçlaryna uly ähmiýet berýäris. Parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli ýörelgeler halkymyzyň beýik ösüşleriniň gözbaşynda durýar. Ykdysady taýdan ösen döwletler Türkmenistan bilen dostana, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýýar. Dünýäde parahatçylygy hem-de halkara howpsuzlygyny berkitmek ynsanperwer daşary syýasatymyzyň esasy ugry hökmünde dabaralanýar. Munuň özi diňe bir sebit däl, eýsem, umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak adamzadyň ähli babatdaky iň bir beýik, tämiz duýgularydyr. Munuň özi ynanyşmak häsiýetine eýe bolan örän asylly ýörelgedir. Hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmak, özara ynanyşmak arkaly köptaraply hyzmatdaşlygy ýokary derejelere çykarmak ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlerine dünýä bileleşigi diýseň ýokary baha berýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny görkezýär. Asudalygy, parahatçylygy, özara ynanyşmagy hem-de deňhukukly gatnaşyklary öňe sürýän beýik başlangyçlar türkmen halkynyň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy. Bularyň ählisi halkymyzyň beýik buýsanjyna öwrüldi.

Halkymyz asyrlaryň dowamynda parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini kämilleşdirip, ösdürip gelipdir. Şonuň üçin hem bu asylly ýörelge täze taryhy döwrümiziň iň kämil ýoludyr, dünýä uzaýan beýik başlangyjydyr. Bu asylly ýörelgä guwanýan, buýsanýan türkmen halky her ýyl Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň şanly baýramçylyklaryny dabaraly ýagdaýda şowhun-şagalaňly belleýär. Şu ýyl hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny toýlarys. Şeýle bagtyýarlyklaryň başynda duran, halkyň arzuw-umytlaryny myrat edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun! Beýik ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyz gülläp össün!

Rejepgül HAÝIDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň dosenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.