YNSANPERWERLIGIŇ HEM-DE DOST-DOGANLYGYŇ EÝÝAMY

01-12-25

Türkmen halky ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere belent sarpa goýýar. Esasan hem, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi mynasyp ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär. Şunda hemişelik Bitaraplyk syýasaty, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary uly many-mazmuna eýedir.

Pähimdar pederlerimiziň il-günüň asuda, parahat ýaşamagy ugrunda irginsiz alada edip, dünýäniň ýakyn-alys ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürendiklerini ençeme taryhy maglumatlar beýan edýär. Bu günki günde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanýan döwletimiziň agzybirligiň, parahatçylygyň nusgasyny dünýä ýaýyp gelmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ýörelgeleriň giňden dabaralanýandygyny we uly meşhurlyga eýe bolýandygyny görkezýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny toýlarys. Munuň özi dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, hoşniýetliligiň dabaralanmasydyr. Hemişelik Bitaraplyk - halkymyzyň aňyýetine, ruhy dünýäsine, ahlak gymmatlyklaryna ornaşan taglymat. Ol döwletimiziň, halkymyzyň abraý-mertebesini tutuş äleme ýaýdy, ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam etdi, asudalykda, agzybirlikde ýaşamaga giň ýol açyp, ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerimizi dünýäde giňden dabaralandyrdy.

Ýeri gelende bellesek, geçen 2024-nji ýyl eziz Diýarymyzyň iň täze taryhyny üstünliklere beslän, şanly wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Ata Watanymyzyň ähli künjeginde bilim we terbiýeçilik, saglygy goraýyş, sport, medeni, önümçilik we dürli durmuş maksatly ençeme binalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanyldy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu işler peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleriniň, taryhy başlangyçlarynyň has-da rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. Şu jähetden, her ýyly döwrebap atlandyrmak bilen bagly asylly däbe eýerilip, 2025-nji ýylyň ýurdumyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy örän buýsandyryjy wakadyr. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir. Alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bardyr.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we sebit bilen baglanyşykly kabul edilen Kararnamalar munuň aýdyň mysalydyr. Şu şygar astynda dowam edýän şanly ýyl ýurdumyz, halkymyz üçin şatlykly, buýsançly wakalara beslenýär. Diýarymyzda Milli bahar baýramynyň bellenilen gününde — 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilendigi baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Bu taryhy Kararnama türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň, hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleriniň barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň halkara ähmiýetini dabaralandyrýan bu hoş habar biziň müňýyllyklardan gözbaş alýan bitaraplyk taglymatymyza, döwletimiziň ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer syýasatyna, parahatçylyk, ynanyşmak däplerini rowaçlandyrmak ugrundaky başlangyçlaryna berlen ýokary bahadyr.

Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly beýik taglymaty dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Hut şonuň üçin hem ýurdumyz hoşniýetli parahatçylyk söýüjilikli ýoly bilen dünýäde belent mertebä eýe bolýar, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny ýöredýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär.

Jahan MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.

16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.