SANLY BILIM ULGAMY – DÖWREBAP ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

03-01-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde bilim edaralarynda ýaş nesle berilýän bilimiň hili we mazmuny yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Türkmen halky hemişe bilim-ylma aýratyn sarpa goýup, ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary barada uly alada edýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ylmyň döwrebap ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna kämil tehnologiýalar hem-de dünýä ylmynyň gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň ugurlarynyň işi kämil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen barha ilerleýär. Bu bolsa eziz Diýarymyzda döwrebap mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeler gazanylýar. Şunda bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim toruny döretmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak esasy wezipe bolup durýar. Bu resminama tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan işini kämilleşdirmegi, bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistan sanly özgertmeleriň, ähli ulgamlara innowasiýalary çekmegiň işjeň tarapdary bolmak bilen, ýurdumyzda iň gowy dünýä tejribelerini öwrenmäge hem-de özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Hut şonuň üçin-de soňky ýyllarda kabul edilen döwlet maksatnamalarynda tutuş ýurdumyzda internete elýeterliligiň giňeldilmegine, öýjükli aragatnaşygyň hiliniň gowulandyrylmagyna uly üns berilýär. Munuň özi sanly hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda bilim edaralary ýokary tizlikli, giň zolakly tor aragatnaşygy bilen üpjün edilip, ýokary hilli bilim hyzmatlaryny almak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim bermegiň döwrebap usullarynyň biri-de uzak aralykdan bilim almakdyr. Bu bolsa raýatlaryň bilim hem hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Tehnologiýalaryň ösen döwründe okatmagyň we bilim bermegiň döwrebap görnüşlerinden peýdalanylýar. Bilim bermegiň täze usullaryny durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň milli ýörelgelerimize laýyk gelmegi esasy wezipeleriň biridir. Beýik ösüşler we döwrebap mümkinçilikler bilim işgärlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Häzirki zaman ylmy-tehniki gazanylanlar, bilimler we innowasiýalar ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagyň, ähli ulgamlarda öňegidişligiň, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň ygtybarly binýadydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe strategik wezipeleriň, maksatnamalaryň, iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde halkara talaplara laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýän we ösdürilýän düýpli ylma aýratyn orun degişlidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny pugtalandyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Döwletmyrat DÖWLETOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.