BUÝAN – GYMMATLY DERMANLYK ÖSÜMLIGI
23-09-25
Hakyň nazary düşen türkmen topragy tebigy baýlyklara diýseň baý. Şol baýlyklaryň biri-de, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy-ensiklopedik eserinde belleýşi ýaly, köki müň bir derdiň dermany hasaplanýan meşhur buýan ösümligidir. Ol Amyderýanyň jülgelerinde, Daşoguz sebitinde, Tejende giňden ýaýran ösümlikdir. Şeýle-de ol ülkämiziň daglyk we suwarymly ýerlerinde hem ösüp ýetişýär. Aýratyn hem ol soňky ýyllarda Lebap welaýatynyň çäklerinde ýörite ösdürilip ýetişdirilýär.
Buýanyň dünýäde 15, GDA ýurtlarynda 7, Türkmenistanda bolsa 4 görnüşi duş gelýär. Olardan diňe iki görnüşi, ýagny süýji hem-de ural buýany senagat taýdan ähmiýetlidir. Buýan ösümligi gadymy döwürlerde hem gymmatly dermanlyk ösümlik hökmünde tanalypdyr. Onuň taryhyna ser salanymyzda gadymy Hytaý lukmançylygynda biziň eýýamymyzdan 2800 ýyl öň hem mälim bolupdyr we oňa “gans” - “süýji ösümlik” diýip, at beripdirler. Hytaý we Tibet lukmançylygynda buýan köküniň dermanlyk täsirini ady rowaýata öwrülen Ženşeniň köki bilen deňeýärler. Asla, dünýä lukmançylygy buýany we ženşeni ilkinji dermanlyk ösümlik hökmünde ykrar etdiler. Gara deňziň demirgazyk kenarlarynda, Skif sähralarynda “Süýji köki” ulanýan gadymy grek we rim lukmanlary onuň kesel bejerijilik we keselleriň öňüni alyjylyk häsiýetine aýratyn sarpa goýupdyrlar.
Biziň eýýamymyzyň birinji asyrynda ýaşap geçen grek lukmany Dioskorid buýan köküniň örän süýji tagamlydygy üçin, bu ösümlige “glissiriza” adyny beripdir. Şunlukda gadymy rimliler buýana “likwirisa”, ýagny “düzümi süýjüli” diýen manyda düşünipdirler. Bu söz soňlugy bilen “lakrisa” görnüşine geçipdir. Gadymy döwrüň meşhur lukmanlary hasaplanýan grek alymy Gippokrat, rim lukmany Galen hem özleriniň lukmançylyk iş tejribesinde buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerinden giňden peýdalanyp, ajaýyp ylmy ýazgylaryny galdyrypdyrlar. Greklerden buýandan peýdalanmagyň tärleri araplara we Günbatar Ýewropa ýaýrapdyr. Orta asyrlarda buýan köküniň jadyly täsiri Russiýanyň lukmanlaryna-da mälim bolupdyr. Х asyrda Merkezi Aziýada, şol sanda gadymy türkmen topragynda ýaşap geçen Abu Aly ibn Sina hem buýanyň köküni özüniň tebipçilik amalyýetinde ulanyşy hakynda “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” atly dünýä belli ylmy-ensiklopedik eserinde ýazýar.
Geçen asyryň aýagynda we üstümizdäki asyrda ykdysady taýdan ösen ýurtlarda ösümliklerden taýýarlanylan derman serişdelerine talabyň artmagy bilen buýana bolan isleg hem ýokarlandy. Bu derman ösümligi köpsanly ýurtlaryň milli farmakopeýasyna, şol sanda Türkmenistanyň farmakopeýasynyň sanawyna girdi. Buýan, köp ýyllyk ösümlik bolmak bilen, kökünde glýukozany, askorbin turşusyny, pektini, saponinleri, flawonoidleri, likwiritony, asparagini, efir ýaglaryny, ajylary, sakyzy we beýleki nemli birleşmeleri saklaýar. Buýanyň düzümindäki baş alkaloid - glisirrizin turşusy onuň esasy häsiýetini üpjün ediji maddadyr. Glisirrizin arassa görnüşde gantdan 40-50 esse töweregi süýjüdir. Süýjüliginiň has ýokarylygy mynasybetli ol häzirki zaman derman senagatynda çaga kesellerini bejermekde ulanylýan şerbetleriň düzümine goşulýar.
Buýan köküniň külkesi, ekstrakty (gerdejigi, süýri dänesi) üsgülewüge garşy we gakylyk gopduryjy şerbetleriň esasyny düzýär. Şonuň ýaly-da buýan şerbedi dünýä ýurtlarynyň lukmançylygynda giňden ulanylýar. Onuň ylmy lukmançylykda ykrar edilen immun güýji ýokarlandyryjy häsiýeti bolsa bedeniň dürli ýokançlara garşy durmagyna ýardam edýär. Buýan kökünden taýýarlanylan derman serişdeleriniň ýaşyň ýokarlanmagy bilen bagly bedende döreýän madda çalşygynyň bozulmalarynda, çişe garşy, dürli zäherlenmelere garşy täsiriniň bardygy bu ösümligiň aýratyn tarapy hasaplanýar. Buýan kökünden öndürilýän serişdeler aşgazanyň ýara-baş keselinde, öýken inçekeselinde, bronhitde, pnewmoniýada, ekzemada, käbir allergiki ýagdaýlary bejermekde hem haýyrlydyr. Buýan ösümliginiň önümleriniň ýüzüňi nurlandyryp, gözellik berijilik häsiýeti hem bardyr. Turuwbaşdan bellenmeli ýagdaý, ol hem buýan köküniň düzüminde köpsanly biologiki işjeň maddalaryň saklanýandygyny, hiliniň ýokarydygyny nygtamalydyrys. Farmakopeýasynyň talaplaryna laýyklykda buýan kökündäki ekstraktiw maddalaryň mukdary 25 göterimden, glisirrizin 6 göterimden az bolmaly däldir. Türkmen buýanynyň kökünde bolsa bu görkezijiler degişlilikde 45 we 12 göterime ýetýär. Düzüminde işjeň maddalaryň köplügi üçin ýurdumyzyň çäginden ýygnalan buýan köki dünýä bazarynda ýokary islege eýedir.
Taryha ser salanymyzda ýurdumyzda buýan önümçiliginiň başlananyna 100 ýyldan hem köpräk wagt geçipdir. Geçen asyryň başynda Türkmenistana “Mak-Andrýus” atly iňlis-amerikan firmasynyň hünärmenleri Amyderýa sebitiniň florasyny öwrenip, buýanyň köküni köpçülikleýin taýýarlamaklygy ýola goýýarlar. 1906-njy ýylda häzirki Türkmenabat şäherinde buýan köküni presleýji kärhana açylýar. 1969-njy ýylda kärhana giňeldilip, ýylda 500 tonna buýan köküniň goýy toşabyny öndürmäge mümkinçilik gazanýar. Garaşsyzlygymyzy almagymyz bilen, 1991-nji ýylda ol “Buýan” agrosenagat birleşigine öwrüldi. Häzirki wagtda “Buýan” kärhanasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” önümçilik toplumynyň düzümine girýär. Soňky ýyllarda buýan ekilýän meýdanlar giňäp, ol Köýtendagdan başlap, demirgazykda Darganata etrabyna çenli uzalyp gidýär.
Ýurdumyzda lukman Arkadagymyzyň tagallasy bilen buýan köküniň gury (külke görnüşli) toşabyny öndürýän zawod gurlup, “Türkmenderman” senagat birleşigine ulanmaga berildi. Ol zawodyň ýylda 1000 tonna önüm öndürmäge mümkinçiligi bolup, ýurdumyzyň eksport ukybynyň artmagyna saldamly goşant goşýar. “Buýan” kärhanasy diňe içki bazaryň talabyny ödemek bilen çäklenmän, eýsem, Amerika, Ýaponiýa, Hytaý ýaly döwletlere hem dermanlyk önümlerini eksport edýär.
Diýarymyzda diňe buýan dermanlyk ösümligimiz däl, eýsem, çopantelpek, dyrnaklyja, narpyz, çerbiýe, itburun, ýakymlyja, adaty arpabadyýan, boýbodran, sarygül, bidenek, melissa ýaly dermanlyk ösümlikleriň hem köpçülikleýin ösdürilip başlanmagy we olardan innowasion usullar arkaly dürli derman görnüşleriniň taýýarlanmagy we lukmançylykda ulanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň doly derejede durmuşa geçýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň üçin biz Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimize tüýs ýürekden öz sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Göwher ÖWEZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.