GELJEK NESIL HAKYNDA ALADA BARHA ROWAÇLANÝAR
28-10-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli hem-de ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak babatda çynlakaý alada edip, ýaşlary kämil ylmyň we bilimiň ak ýoluna atarýar. Ýaşlaryň beýik döwrümiziň ruhuna kybap ösüp kemala gelmegi, isleg bildirýän hünärlerini öwrenip, mynasyp käre eýe bolmaklary we zähmetde, döredijilikde, ylymda öz ukyp-başarnygyny synap görmegi üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Elbetde, okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak we öwrenmek, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar.
Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Ýurdumyzda ýaşlar üçin ähli şertler döredilip, olara jogapkärli wezipeler ynanylýar. Şonuň üçinem Täze ýylyň şygarynyň bagtyýar ýaşlarymyzyň ady bilen bagly bolmagy döwrüň öňe çykaran derwaýyslygydyr. Çünki buýsanyp aýdyşymyz ýaly, ýaşlar biziň şu günümiz, geljegimizdir. Dogrudan-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemmämize, ylaýta-da, ýaş nesle görelde bolýar. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleri diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, dünýä derejesinde-de nusgalyk bolup durýar. Mähriban Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini artdyrmakda, aýratyn-da, bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ýaş nesli mynasyp terbiýeläp ýetişdirmäge degişli örän wajyp wezipeler öňde goýulýar.
Ýaşlar biziň geljegimiz bolup, olaryň döwrebap bilim almagy, milli häsiýetde terbiýelenmegi esasy ugurlaryň biridir. Hut milli terbiýeden hem olaryň giň dünýägaraýşy, watansöýüjiligi kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: “Parasatly ata-babalarymyz nesillere ajaýyp däpleri miras galdyrypdyrlar. Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler. Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr” diýen parasatly sözlerini ýörelge edinýäris. Şu parasatly sözlerde ýaşlary terbiýelemegiň hem-de olara döwrebap bilim-terbiýe bermegiň anyk ýollary kesgitlenilýär.
Türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Geljekki nesil hakynda alada - munuň özi ertirki güne iň bir ygtybarly, akylly-başly maýa goýumydyr, bilim ulgamy, ilkinji nobatda, ýaşlar syýasatydyr, ertirki günüň aladasydyr” diýip nygtap geçýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Döwlet tarapyndan ýaşlaryň dünýäniň abraýly we öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň buýurmalaryna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň möhüm ugur-lary boýunça daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek işi ýola goýuldy.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem halkymyzyň gadymdan gelýän dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Ýaşlarymyzyň bu asylly maksadyna ýetmeklerine ýardam etmekde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” möhüm gollanma, ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini hem-de esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu Maksatnamada ýaş nesillere döwlet goldawynyň möhüm ugurlary beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen gurultaýda bolsa bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýady has-da berkidildi, ýagny “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu ösüşleriň, amala aşyrylýan beýik işleriň sakasynda duran, il-gününi bagtly, eşretli günlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, beýik tutumlarynyň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris!
Behişt OJAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Fakultet terapiýa kafedrasynyñ assistenti.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.