Sanly ulgam — özgerişlere barýan ýol
28-10-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň gerimi barha giňeýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» halkara ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ykdysadyýeti yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler göz öňünde tutulýar.
Häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda bu ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaş nesle ylym-bilim bermekde dünýä tejribesine daýanmak bilen ony milli ýörelgelerimiz bilen utgaşykly alyp barmak babatda ýola goýulýan möhüm başlangyçlar kalplarda çäksiz buýsanjy goşalandyrýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar, okuw mekdeplerinde kämil tehnologiýalar, akylly enjamlary, multimediýa serişdeleri, lingafon otaglary, ýokary tizlikli internet ulgamy yzygiderli ornaşdyrylýar. Bu Konsepsiýa ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, ylmyň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti ýola goýulýar. Şeýle-de okadylýan dersler bilen baglanyşykly elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, interaktiw-multimediýa programmalary döredilýär. Bu bolsa ýerine ýetirilýän işleriň ýeňilleşmegine, wagtyň hem tygşytlanmagyna, zerur bolan gerekli maglumatlary gysga wagtda tapmaklyga şert döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz dürli pudaklarda häzirki döwrüň möhüm talaby bolan sanly ulgama geçmekligiň zerurdygyny hemişe nygtamak bilen, bu ugry ösdürmeklige ünsi çekýär.
Şeýle hem ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryna, öňdebaryjy halkara tejribelerine esaslanyp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şol sanda edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň ýeke-täk sanly ulgama birikdirilmegi olaryň sazlaşykly işlemegini üpjün edýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, sanly amatlyklaryň elýeterliliginiň ýokarlanmagy, sanly tehnologiýalaryň kärhanalarda giňden ornaşdyrylmagy we peýdalanylmagy ýurdumyzyň dünýäniň sanly giňişlige işjeň goşuluşmagyny, onuň halkara bazarda bäsdeşlige ukuplylygynyň düýpli ýokarlandyrylmagyny hem-de milli ykdysadyýetimiziň ösüşiň täze innowasion tapgyryna geçirilmegini üpjün edýär.
Döwletimiziň kämil innowasiýa babatdaky öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ornaşdyrmaga gönükdirilen ýörelgelerine esaslanyp, alyp barýan syýasaty mähriban Diýarymyzda kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegine itergi berýär, hil taýdan ösen ykdysady ösüşleriň gazanylmagyna, netijeli sepgitlere ýetilmegine esas döredýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde ylmy täzelikleriň döredilmegi, bilim ojaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ýokary depginde ornaşdyrylmagy mähriban halkymyzy, bagtyýar ýaş nesillerimizi aýdyň geljege ruhlandyryp, ýüreklerde berkarar döwrümizi rowaçly mezillere besleýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşy goşalandyrýar!
Aynabat ÇAPAU,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet terapiýa kafedrasynyñ müdiri.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.