Milli ykdysadyýetimiz ýokary depginli ösdürilýär
28-10-25
Milli ykdysadyýetimizde uly ösüşleri üpjün etmekde sanly ulgamyň möhüm ugurdygyny aýratyn bellemek gerek. Şunda häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanmak baş ugur bolup durýar. Şeýle hem ösen sanly ykdysadyýeti kemala getirmekde elektron senagatynyň ösdürilmegi, innowasion, ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň ýola goýulmagy, aň-bilim mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ýörite bilimli hünärmenleriň taýýarlanmagy ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Bäsdeşlige ukyply harytlaryň eksportunyň möçberlerini artdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, import harytlarynyň ýerini tutýan harytlaryň öndürilişini has-da giňeltmek, ýurdumyzda telekeçilige goldaw bermek hem-de dürli ulgamlarda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler üstünlikli dowam etdirilýär. Bularyň hemmesi ykdysadyýetimiziň ösüşleriniň aýdyň geljegi nazarlaýandygyny görkezip, ýurdumyzyň abraýynyň äleme dolmagyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär.
Ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, import edilýän önümleriň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleri öndürmekligi işjeňleşdirmek, tebigy serişdeleri rejeli hem-de toplumlaýyn peýdalanmak, täze iş orunlaryny döretmek, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreler yzygiderli amala aşyrylýar.
Ykdysady özgertmeler, öňi bilen, ykdysadyýetiň pudaklarynyň işini täzeçe, döwrüň talabyna laýyk guramaga we ony kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetiň özboluşly milli nusgasyny kemala getirmäge mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri — milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar-institusional özgertmeleri mundan beýläk hem ilerletmek, durmuş ulgamynyň durnuklylygyny saklap galmak we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak bolup durýar.
Ýurdumyzda eksporta gönükdirilen we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän, çig maly gaýtadan işleýän pudaklar, ýagny himiýa, nebitgaz himiýasy, maşyn gurluşygy, metal işlemek, dokma, azyk senagaty hem-de beýleki pudaklar çalt depginler bilen ösýär. Senagat önümleriniň möçberleri ep-esli artýar, ýerli önümçiligiň hasabyna içerki bazaryň azyk önümleri bilen üpjünçiligi has-da ýokarlanýar, sebitlerde täze kärhanalar gurulýar, halkara we milli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda döredilen berk ykdysady binýat we durmuş ulgamynda ýetilen sepgitler Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň ygtybarly girewidir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, halkara zähmet bölünişiginde Watanymyzyň mynasyp ornuny, ykdysadyýetiň durnukly we kadaly ösüşini üpjün etmek, ykdysady ösüşi ýokary depginlerde saklamak, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek maksady bilen, giň gerimli ykdysady özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy bilen bir hatarda halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny hem şertlendirdi. Muny ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän dürli maksatly binalaryň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurulýan beýik binalar, täze-täze desgalar, ýaşaýyş jaýlary — bularyň hemmesi ykdysady ösüşimiziň örän ýokarydygynyň görkezijisidir. Gurýan, döredýän we ynamly öňe barýan ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklar, bina edilen desgalar ilkinji nobatda halkyň bähbidine gönükdirilýär. Çünki Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanda adamyň bagtyýar durmuşy, halkyň abadançylygy baş wezipeleriň biridir.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen Türkmenistan ýurdumyzda ýaşamak, geljek nesillere guwanmak, beýik işlere buýsanmak egsilmez bagtdyr. Bu bagtyýarlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Begenç MOMMAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Fakultet hirurgiýa kafedrasynyñ assistenti.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.