PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK HEM-DE HOŞNIÝETLILIK ÝÖRELGELERI
02-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar. Türkmen halky ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere belent sarpa goýýar. Esasan hem, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi mynasyp ösdürilýär. Şunda hemişelik Bitaraplyk syýasaty, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary uly many-mazmuna eýedir. 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bolsa tutuş halkymyzyň buýsanç duýgusyny artdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz halk paýhasynyň parahat ýaşaýyş bilen baglylykdaky ähmiýetliligi dogrusynda söz açyp, “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynda parahatçylyk we agzybirlik ýaly häsiýetleriň milli aýratynlyklarymyza hemişe mahsusdygyny beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz öz kitabynda şeýle belleýär: “Türkmenler öz durmuş-medeni nusgasyny, parahatçylygy, agzybirligi üpjün edip gelen milli ýörelgelerini döreden halk hökmünde tanalýar. Ata‑babalarymyzyň döreden bu ýörelgelerini biz häzirki döwrüň örän ýokary derejede ösýän ylmy-tehniki pikirleri, tehnologiýa babatda ýokary ösüşler we mümkinçilikler, dünýäde giňden ykrar edilýän halkara başlangyçlar bilen sazlaşykly utgaşdyrýarys”. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen taryhy hakydadyr.
Ata Watanymyz başymyzyň täjidir. Ýurdumyzyň beýik ösüşlerine ähli ildeşlerimiz buýsanýar. Giň gerimli ösüşler bolsa hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyz üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde hasyl bolýar. Eziz Watanymyzyň beýik ösüşleri barada ýaş nesle yzygiderli maglumatlaryň berilmegi olarda watansöýüjiligi, milli buýsanjy ösdürýär. Biz ähli okuw-terbiýeçilik işlerimizde Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiziň gadyr-gymmatyna we ýurdumyzyň asylly başlangyçlaryna uly ähmiýet berýäris. Parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli ýörelgeler halkymyzyň beýik ösüşleriniň gözbaşynda durýar. Dünýäde parahatçylygy hem-de halkara howpsuzlygyny berkitmek ynsanperwer daşary syýasatymyzyň esasy ugry hökmünde dabaralanýar. Munuň özi diňe bir sebit däl, eýsem, umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak adamzadyň ähli babatdaky iň bir beýik, tämiz duýgularydyr. Munuň özi ynanyşmak häsiýetine eýe bolan örän asylly ýörelgedir. Hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmak, özara ynanyşmak arkaly köptaraply hyzmatdaşlygy ýokary derejelere çykarmak ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlerine dünýä bileleşigi diýseň ýokary baha berýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny görkezýär. Asudalygy, parahatçylygy, özara ynanyşmagy hem-de deňhukukly gatnaşyklary öňe sürýän beýik başlangyçlar türkmen halkynyň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy. Bularyň ählisi halkymyzyň beýik buýsanjyna öwrüldi.
Halkymyz asyrlaryň dowamynda parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini kämilleşdirip, ösdürip gelipdir. Şonuň üçin hem bu asylly ýörelge täze taryhy döwrümiziň iň kämil ýoludyr, dünýä uzaýan beýik başlangyjydyr. Bu asylly ýörelgä guwanýan, buýsanýan türkmen halky her ýyl Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň şanly baýramçylyklaryny dabaraly ýagdaýda şowhun-şagalaňly belleýär. Şu ýyl hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny toýlarys. Şeýle bagtyýarlyklaryň başynda duran, halkyň arzuw-umytlaryny myrat edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun!
Halym HALYMOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Çaga hirurgiýasy kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.