PARAHAT DURMUŞYŇ BAGTYÝAR ÝOLY

21-02-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli we aýdyň maksatly işler netije berýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Munuň özi dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ägirt uly mümkinçilikleri diňe bir ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek üçin däl, eýsem, halklaryň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni, ynsanperwer ýaly ugurlarda giň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ýardam edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara jemgyýetçiligi bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürilýär. “Açyk gapylar” syýasaty ýurdumyzyň halkara giňişliginde howpsuzlygy kepillendirýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilendigine we parahatçylygyň merkezine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän döwletimiziň dünýädäki abraýyny barha ýokarlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly beýik taglymaty parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň aýdyň ýoluny beýan edýär. Parahatçylyk halklaryň abadan durmuşydyr, her bir adamyň baky bagtydyr. Şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde parahatçylyk söýüjilikli ýoly wagyz etmek we dünýäde giňden dabaralandyrmak asylly ýörelgä öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda asylly ýörelgä eýerip, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny toýlarys. Hemişelik Bitaraplyk dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga giň mümkinçilik döredip, bu ugurda ummasyz goşandyny goşýar.

Halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilikli, päk niýetli, ynsanperwer däplerimizi dünýä ýaýmak, ýaş nesliň kalbyna guýmak hemmämiziň watançylyk borjumyz bolup durýar. Bilim işgärleriniň öňünde durýan uly wezipe oňyn bitaraplygymyzyň gymmatyny ýaş nesillere düşündirmekdir. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine 30 ýyl dolýar. Bu beýik dereje türkmen halkynyň abraýyny belende göterýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen bilelikde, sebitde syýasy durnuklylygy goldamakda, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde uly orun eýeleýär. Hemişelik Bitaraplygyň parahatçylykly, dostlukly ýoly bilen durnukly ösüşlere eýe bolan Diýarymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmen jemgyýetiniň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy üçin zerur şertler döredilip, ýurdumyz ägirt uly ösüşlere, oňyn özgertmelere beslenýär. Şunda dünýäde parahatçylygy wagyz etmek, hemişelik Bitaraplygyň asylly maksatlaryny rowaçlandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly ajaýyp goşgusy biziň ýüreklerimizde orun aldy. Her bir ynsanyň kalbynda orun alan “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly ajaýyp goşgy abadançylygyň, dost-doganlygyň belent waspydyr. Şeýle ajaýyp döredijilik bagtyýar durmuşymyzy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna barýan halkymyz her bir güni zähmet üstünlikleri bilen garşy alýar. Berkarar Watanymyza buýsanmak, parahatçylyk söýüjilik ýolumyzy wagyz etmek bagtdyr.

Azada MATKARIMOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

1685cd91398747.jpeg
Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.


1685b96735e5ca.jpeg
Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.


1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.