BITARAPLYK - ŞAN-ŞÖHRATYMYZ
21-02-25
Bitaraplyk derejesi türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň çür başydyr. Hemişelik Bitaraplygymyz hem edil Garaşsyzlygymyz ýaly ýakymy bilen dabarasy soňlanmajak baýramdyr. Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk bu türkmen halkynyň goşa ganatydyr. Bilşimiz ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde dünýäniň 185 döwleti Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini biragyzdan ilkinji gezek ykrar edipdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçen 69-njy mejlisinde bolsa 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasy gaýtadan kabul edildi.
Şol ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda BMG-niň howandarlyk etmeginde «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat geçirildi we onda hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşy aýratyn orny eýeledi.Çykyşynda hormatly Prezidentimiz her ýylyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip bellemegi teklip edipdi. 2017-nji ýylyň fewralynda geçen BMG-niň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada degişli resminama kabul edildi. Şondan bäri hem bu güni umumadamzat bolup dabaralara beslemek asylly däbe öwrüldi. Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara bileleşiginde abraýynyň artmagynda Bitaraplygyň ähmiýeti uludyr.
Bitaraplyk munuň özi asuda ýaşaýşyň, agzybir durmuşyň, ertire bolan ynamyň kepillenmesidir, arkaýyn okamak, öwrenmek, döretmek mümkinçiligidir. Çünki hemişelik Bitaraplyk — baky abadançylykdyr.Geçen ýyllar döwletimiziň öz saýlap alan syýasy ýoluna doly wepalydygyny, Bitaraplygyň ähli borçlaryny we talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýändigini dünýä ýüzünde subut etmegi başardy. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem hut şu ýerde — gözel paýtagtymyz Aşgabatda açylmagy şol tagallalaryň netijesidir.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň sessiýalarynda diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini araýan, düýbünden täzeçillige ýugrulan çuň manyly taryhy we dünýä ähmiýetli teklipleri öňe sürýär. Bu teklipler halkara hukugynyň kämilleşmegine, parahatçylygyň barha berkemegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne ýaýramagyna ýardam berýär.Halkymyz taryhyň dürli döwürlerinde-de asuda ýaşamagy, goňşy döwletler bilen parahatçylykly gatnaşyklary alyp barmagyň tarapdary bolupdyr.
Hezret Annamämmedow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.