BEÝIK SÖZ USSADYNA SARPA
29-10-25
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bosagasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly eserini peşgeş bermegi halkymyzyň beýik şahyrymyza, ajaýyp döwrümize bolan buýsanjyny has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden täze kitaby giň okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Täze kitabyň başynda beýik söz ussadynyň “Türkmeniň” atly şygrynyň, Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp goşgusynyň ýerleşdirilmegi onuň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde ýurdumyzda beýik işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik söz ussadyna hormatynyň aýdyň nyşany bolan bu kitaby Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanan gymmatly gollanmadyr. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň beýik şahyry hem akyldarydyr. Halkymyz özüniň beýik şahyryna hemişe aýratyn sarpa goýupdyr. Onuň ömri we döredijiligi baradaky gürrüňler, rowaýatlar asyrlarboýy dilden-dile geçipdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dana şahyrymyz hakyndaky kämil eseri Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çuňňur aralaşmaga ýardam berýär. Kitapda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakyndaky gymmatly pikirdir garaýyşlar, ylmy maglumatlar çuňňur beýan edilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynda halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde we aýawly saklamakda, wagyz etmekde hem-de geljek nesillere ýetirmekde maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigi barada hem giňişleýin beýan edýär. Türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligine we edebi mirasyna örän möhüm orun degişlidir. Beýik söz ussadynyň eserleri tutuş dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda, halklaryň arasynda ynanyşmagy berkitmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz täze eserinde beýik akyldar şahyrymyzyň ömrüni, edebi mirasyny öwrenmäge goşant goşan zehinli alymlaryň, professorlaryň, edebiýatçylaryň, daşary ýurtly bilermenleriň atlaryny agzap, olaryň bitiren işlerine ýokary baha berýär. Şeýle hem bu kitapda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiz täze eserinde dünýä akyldarynyň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişi, pähim-paýhasly şygyrlarynyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti barada hem gyzykly söhbet edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çeper we ylmy-filosofik eseri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Akyldaryň öz şygyrlarynda öňe süren garaýyşlary ähli döwürler üçin hem ýol görkeziji taglym bolup, bu eserler ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr.
Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eseri akyldara bagyşlanan paýhaslar ummanydyr. Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby bilim işgärleri üçin hem gymmaty egsilmeýän paýhas mekdebidir. Ajaýyp zamanamyzda dünýä akyldary hakyndaky bu kitaby sowgat eden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris. Goý, bizi baky bagtyýarlygyň gujagynda ak ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!
Selbi AZIZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.