MILLI DEMOKRATIÝANYŇ HEM-DE KANUNÇYLYGYŇ DABARALANÝAN EÝÝAMY
21-02-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ösüşiň täze belentliklerine ýetilmegine ýakyndan ýardam edýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ösen döwletleriň derejesine ýetirilmegi hem-de halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň we başlangyçlarynyň netijesinde ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri güýçli depginde alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Türkmenistan döwletimiz gysga wagtyň içinde sebitde we dünýäde pajarlap ösýän we döwür bilen aýakdaş gidýän döwlet hökmünde tanaldy. Bu günki ýetýän we ýeten sepgitleri bilen çylşyrymly häzirki zaman dünýäsinde göterilip barýan döwletimizi mundan beýläk galkyndyrmakda, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny rowaçlandyrmakda maksatlaryň we öňde goýlan wezipeleriň anyk ugry kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiz kämil raýat jemgyýetini gurmaga ymtylýan güýçli demokratik döwleti öz gündelik işinde adamlara gulluk etmäge, olaryň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga ukyplydygyny yzygiderli nygtaýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ugrunda köp işler durmuşa geçirilýär. “Döwlet her näçe kuwwatly, gurply bolanda-da, ilatyň ýaşaýyş derejesi döwletde alnyp barylýan durmuş syýasatyna gönüden-göni bagly bolýar” diýip, ykdysadyýetçiler belleýärler. Türkmenistan Watanymyzda durmuş syýasaty Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgesine esaslanýar. Bu ynsanperwer ýörelge çeperleşdirip aýdanymyzda kök urup, şaha ýaýyp, raýatlara goýy saýasyny salýar, miwesini boldan eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, berkarar Watanymyz gülläp ösýär, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär. Bu bolsa ýurdumyzda raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitlerini goramak ugrunda uly alada edilýändigine aýdyň mysaldyr.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kanunçylygymyzyň dabaralanmagy, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üýtgetmeler we goşmaçalar girizilmek bilen kämilleşdirilýän hukuk namalarynyň ornunyň ýokarlanmagy ýurdumyzda jemgyýetiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygyny kepillendirýär. Milli demokratiýanyň we kanunçylygyň dabaralanýan döwründe ýaşlaryň bu babatdaky düşünjelerini, hukuk sowatlygyny artdyrmakda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem işjeň agzalarynyň, mejlisiň deputatlarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda guralýan wagyz-nesihat we düşündiriş çäreleriň ähmiýeti örän ýokarydyr. Halkymyzyň kanun taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Güljahan HOJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.