SAGDYN DURMUŞYŇ GÖZBAŞY

08-10-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramaga gönükdirilen maksatlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygyň, sagdyn durmuşyň gözbaşy bolsa bedenterbiýe we sportdur. Şonuň üçin hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport her bir adamyň, hususan-da, ýaşlaryň iň ýakyn hemrasyna öwrüldi. Berk bedenli, sagdyn, ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şonuň üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport mekdepleri bar. Şeýle döwrebap sport mekdeplerinde ýaşlarymyz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, saglyklaryny berkidýärler hem-de tälim alýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitabynda: “Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär” diýip nygtaýar. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ynsan saglygyny goramakda sportuň we bedenterbiýäniň uly ähmiýeti bardyr. 7-nji aprelde eziz Watanymyzda asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Halkara senä gabatlanyp geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolan sportuň döwlet syýasatynda esasy ugurlaryň biridigini nobatdaky gezek aýdyň tassyklady.

Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň, güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, bir söz bilen aýdylanda, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Her ýylyň 7-nji apreli milli senenamamyzda dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde aýratyn orun tutýar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýörişler, dürli bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri, ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyryldy.

Halkara senä bagyşlanan köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş kadalaryna, parahatçylygyň we sagdynlygyň aýrylmaz bölegi bolan halkara sport we ekologiýa hereketiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny, mähriban halkymyzyň bitewüligini we jebisligini ýene bir gezek bütin dünýä äşgär etdi. Türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleri Milli Liderimiziň başlangyçlarynyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ol başlangyçlary paýhasly dowam etdirýändiginiň aýdyň netijesidir. Sportuň sagdyn bolmagyň gözbaşydygyny işjeň wagyz edýän we onuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesi ildeşlerimizi sport hereketine hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine goşulyşmaga höweslendirýär. Ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän stadionlar, sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri guruldy.

Milli atçylyk sportuny dünýä derejesine çykarmak üçin sebitde ilkinji “akylly” şäher adyna eýe bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy gurlup ulanylmaga berildi. Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, alyp barýan köptaraply işleri netijesinde ilatyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak boýunça ýola goýlan giň gerimli çäreleriň hatarynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketini ösdürmek üçin iň oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Eziz Diýarymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynda hem möhüm ugurlaryň biri hökmünde bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň öňe sürülýändigi guwandyryjydyr. Ajaýyp zamanamyz - Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ynsan saglygyny goramakda, sportda hem uly üstünliklere, galkynyşlara eýe bolunýan eýýam hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Baýramgözel BAKYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň mugallymy.

16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.