«Hakyda göwheri» — ýaşlaryň kämil mekdebi
04-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren birnäçe ajaýyp eserleri, bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup durýar. Bu ajaýyp eserleriň her gatynda biziň geçmişimiz, şu günümiz aýdyň geljegimiz şugla saçýar. Şeýle ajaýyp eserleriň üsti bilen ýaşlarda Watana bolan söýgini, ata-enä bolan sylag-hormaty, maşgala wepadarlygy terbiýelenýär. Çünki, kitap ynsanyň ýakyn syrdaşy, ynsan köp okadygyça, dünýägaraýşy giňeýär, ruhy baýlygy artýar, akyl-paýhasa ýugrulan eserler ömrüňde dogry ýola düşmäge, durmuşda mynasyp ornuny saýlamagyňa esas berýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitaby hem şeýle ajaýyp eserleriň biridir. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen kitap Milli Liderimiziň ozalky döreden ajaýyp eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” täze kitabynyň neşir edilmedi bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüldi. Bu gymmatly eseriň dürli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döreden ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýolunyň, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleriniň taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilendigi bellenilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň asylly döredijilik işi - täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň “Taryha syýahat” atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini şu babyň bäş bölüminiň üsti bilen täsirli beýan edipdir. Alty bölümden ybarat “Ruhy miras” babynda bolsa milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklaryň köpöwüşginliligine üns çekilýär. Milli Liderimiziň ylmy-filosofik işleriniň we çeper eserleriniň geljek nesiller üçin gymmatly hazynadyr.
Gahryman Arkadagymyzyň watandaşlarymyza serpaý eden eserleri halkyň ruhy we medeni gymmatlygyna öwrüldi. “Hakyda göwheri” atly täze kitap hem Milli Liderimiziň halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy hakynda toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir. Bu eser gadymy oguz edebiýatyny öwrenmekde-de gymmatly çeşmä öwrüler. Alym Arkadagymyz döredijilik gözlegleri barada aýdyp, bu kitaby döretmekde mundan ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetirilen dürli kitaplaryny, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýy üçin gijesini gündiz edip işleýän arheologlarymyzyň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täzeçe taryhy garaýyşlary peýdalanandygyny beýan edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ylmy-filosofik eserleri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Hut şu jähetden, türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Hakyda göwheri” atly kitaby hem halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür-merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat eder. Gahryman Arkadagymyza mundan beýläk-de galamynyň ýiti, döredijilik äleminde gadamynyň dowamat-dowam bolmagyny, täze kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris!
Gülnar ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.