MILLILIGE ÝUGRULAN TERBIÝEÇILIK MEKDEBI
29-10-25
Berkarar döwletimiziň bagtly geljegini gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylym-bilimden ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän kämil hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagyny üpjün etmek babatda başyny başlan özgertmeleri hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Döwletimizde ýaş nesillerimizi terbiýeläp ýetişdirmekde, olara Watanymyzyň taryhy, şu günki ösüşleri barada bilim berip, hünär öwretmekde döredijilikli işler alnyp barylýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde nesil terbiýesine aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýaş nesiller we nesil terbiýesi, olaryň sazlaşykly ösüşi hem-de saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, şeýle hem saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, olaryň yzygiderli sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Netijeli özgertmeleriň we durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň çäklerinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillere uly orun degişlidir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda baky Bitarap Türkmenistan sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmegiň, durnuklylygy gorap saklamagyň meseleleri boýunça öz tekliplerini we garaýyşlaryny halkara jemgyýetçiligine yzygiderli beýan edip durýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi Garaşsyz Watanymyza özüniň hoşmeýilli, ynsanperwer daşary syýasatyny, dünýä ýurtlary bilen parahatçylykly, dost-doganlykly gatnaşyklaryny ösdürmekde işjeň, oňyn ugruny has-da ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýürekleri joşa gelip, göwünleri galkynýar. Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda döwrebap hyzmatdaşlyk üstünlikli ýola goýulýar. Ösen döwletler bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar ýaýbaňlandyrylýar. Ýurduň kuwwatynyň halkara derejesinde pugtalandyrylmagy ýurtda we dünýäde parahatçylygy, asudalygy, abadançylygy berkitmekde alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Dünýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlyklaryň döwrebap ösdürilmegi Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň arasynda ykrar edilmegidir. Biz - bilim işgärleri bolsa Watanymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasaty dogrusynda ýaş nesillere yzygiderli düşündirip durýarys.
Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň kämil ahlak häsiýetini kemala getirmek babatda jemgyýetde alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynda möhüm orun berilýär. Täze eýýamda ýaş nesilleriň hem bilimleri kämil özleşdirmekleri hem-de milli ruhda terbiýelenmegi bilim edaralarynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir. Ýaşlary Watana wepaly, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, bilimli, ylymly, däp-dessurlara hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek döwrüň baş wezipesi bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde maşgalany goldamagyň, enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we bilim bermek baradaky döwlet goldawynyň kämil ulgamy döredildi. Çagalar babatda döwlet syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara borçnamalara laýyklykda, çagalaryň beden, aň-paýhas, ruhy, ahlak taýdan doly derejeli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýaşlar bilim bilen bir hatarda, dürli hünärleri-de ele alýarlar. Munuň özi olara mekdebi tamamlap, durmuşa ynamly gadam basmaga mümkinçilik berýär. Watanymyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Yhlas ABDYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.