ENE DILIM – PEDERLERDEN SERPAÝYM
02-04-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan ruhy baýlygymyz bolan ene dilimizi öwrenmek hem-de öwretmek üçin ähli şertleri döredilendir. Şol şertlerden peýdalanyp, bilim işgärlerine - mugallymlara döwrebap işlemek, öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek galýar. Ýurdumyzda ene dilimizi çuňňur öwretmek babatda edilýän işler we bu ugurda döredilýän şertler mugallymlary okatmagyň netijeli ýollaryny gözlemäge gönükdirýär. Mugallymyň esasy işi okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekdir. Dilçi mugallymlaryň täze tejribeleri öwrenmäge bolan ymtylmalary usuly taýdan sapaklary dogry guramakda esasy zerurlykdyr.
Ýurdumyzda ýaş nesli döwrebap terbiýelemek, bilim bermek hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Pederleriň ýörelgesini parasatly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geljegimiz bolan ýaşlaryň terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, sagdyn bedenli bolmagy, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde türkmen dilimizi ösdürmek we geljek nesillere mynasyp geçirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Onuň üçin geljek nesillerimize, ýaşlara taryhy kitaplara söýgi döretmegimiz gerek. Çünki taryhy kitaplarymyzda dilimiziň nusgalyk baýlyklary, gadymy sözleri öz beýanyny tapypdyr. Şonuň üçin hem kitap okamak endigini ösdürmek möhüm bolup durýar.
Ýaş nesillerimiziň kitaba bolan gyzyklanmasy gadymy sözlerimize düşünmeklerine oňat ýardam eder. Asyrlardan asyrlara geçip gelen ene dilimiz iň bir gadymy dilleriň biri bolup durýar. Türkmen dilimiziň gymmatlyklaryny öwrenmek we geljek nesillere öwretmek, türkmen dili sapaklarynda bu barada okuwçylara düşündirmek her bir mugallymyň esasy maksady bolup durýar. Munuň üçin sapaklarda dürli kitaplardan peýdalanmak möhümdir.
Mälim bolşy ýaly, dil öwretmegiň usulyýeti, esasan, bölekleýin amala aşyrylýan işleriň jemidir. Işiň birinji görnüşi mugallymyň okuwçylaryň dil ulgamyna, dili biliş derejesini anyklamaga degişli sowallary çözmeginiň döwründe ýerine ýetirilýär. Bu, esasan, orta mekdepde grammatika öwrenilip başlandan soňky döwür hasaplanýar. Bu döwrüň içinde okuwçy esasy gurluşlara dogry düşünip we ulanyp bilýän bolsa, esasy gurluşlar üçin zerur bolan grammatiki gönükmeler özleşdirilse, okamak we ýazmak babatda endikleri ele alan bolsa, onda başlangyç tapgyryň işi tamamlanýar.
Işiň indiki görnüşi dil materiallaryna we okuw sapagynyň dürli döwürlerindäki iş usullaryna talapkär çemeleşmekdir. Bu döwürde grammatiki materiallaryň ulgamlaşdyrylmagyna has köp ýer berip, grammatiki gurluşlar, olaryň manylarynyň, ulanylyşynyň, okalmagynyň usullary täzelenýär. Bu döwürde okuwçylar işjeň bolmaly. Milli dilimizi öwretmekde alnyp barylýan işleriň indiki bölegi mugallymyň wezipeleri we öwretmegiň usulyýetinden edilýän talaplar has güýçlendirilýär. Şeýle wezipeler we talaplar sözleýiş dilini kämilleşdirmek üçin ulanylýan tekstleriň mazmunynyň hem-de grammatik ýumuşlaryň çylşyrymlylaşdyrylmagy bilen häsiýetlenýär. Umuman, jemläp aýdanymyzda, milli dilimizi ýaş nesle kämil öwretmegiň usulyýeti “sadadan çylşyrymla tarap” diýen ýörelgä daýanýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda zehinli ýaşlarymyzyň bardygyna guwanjymyzyň çägi ýok. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda beýik ösüşler gazanylýar, ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýyşly, kämil bolup ýetişmeklerine ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ajaýyp döwürde ene dilimizi has-da çuňňur öwrenmäge, dil bilimini özleşdirmäge aýratyn üns berilýär, ýaşlarymyzda ene dilimize belent söýgi terbiýelenýär. Bu bolsa geljek nesillerimiziň hem dilimiziň baýlyklaryny öwrenip, gadymdan gelýän türkmen dilini ösdürjekdiklerine ynamyňy artdyrýar. Ylym-bilimi ösdürmekde beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Jeren MURADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.