Süzme we gurt önüminiň taýýarlanyşynda çig malyna bildirilýän talaplar

06-04-22

Süzme önümi öndürlende süýt çig malyna bildirilýän talaplary şulardan ýbarat: ilki bilen süýdüň organoleptiki görkezijisi, arassalyk derejesini, himiki-fiziki görkezijilerini barlaýarlar. Bu barlaglaryň netijesinde süýdüň derejelere bölünmesi bolup geçýär. Süýt esasan ýokary, I, II we bisort süýtlere bölünýär. Ýokary, birinji we ikinji derejeli süýtler süýt önümçiliginde süýt önümleri öndürmek üçin ulanylýar. Bisort süýtler bolsa mallara iýim hökmünde garylyp berilýär.

Ýokary hilli süýt önümlerini öndürmek üçin süýt TDS-nyň organoleptiki, fiziki-himiki, sanitar-gigiýeniki görkezijileriniň talabyna laýyk  gelmelidir.

Süýdüň ýaglylygy Gerberiň kislota (TDS-5867) usulynda kesgitlenyär; turşylyk-titirlemek arkaly (Terneriň gradusynda); TDS-3624 arassalyk topary (TDS-8218); dykyzlyk areometrli usulda TDS-3625; gury maddalary –durnukly agramyna çenli guratmak bilen TDS-3626; gury ýagsyz  galyndyny hasaplamak bilen; bakteriýalar  bilen hapalygy – reduktaz nusga esasynda, TDS-9225; süýde suw we ýagsyz süýt goşulanyny ýagyň  mukdarynyň we dykyzlygynyň üýtgemegi esasynda anyklaýarlar; süýdi  soda bilen bitaraplaşdyrylanyny–kislota ýa-da bromtimol gögi ulanmak bilen; ammiak bilen bitaraplaşdyrylanyny-Nessleriň ergini bilen; süýdi formaldegid bilen konserwirlenmegini süýdüň konsentrirlenen kislotalar bilen galtaşanda reňkiniň üýtgemegi esasynda anyklaýarlar; wodorodyň perekisi bilen konserwirlenmegini ýodly kaliýniň reaksiýasy esasynda;  mastidiň nusgasyny “mastoprim” ergini  arkaly barlanylýar. Süýdüň fiziki görkezijilerine onuň dykyzlygy, himiki görkezijilerine ýag, belok, süýt şekeri, suw ýaly görkezijileri barlamaklyk degişli bolup durýar.

“Gurt” önümini taýýarlamak üçin çig mal hökmünde süzme ýa-da çekize ulanylýar. Ol süzmäni ýa-da çekizäni duzlap, togalak şekil bermek we guratmak arkaly taýýarlanylýar. Işi çekidäni taýýarlamakdan başlanýar.

Süzme önümi-süýtturşy önüm bolup, sygyr, goýun ýa-da geçi süýdünden, şeýle hem, olaryň garyndysyndan süzme we ýagy aýrylan süýtden ýa-da aýrandan çekize taýynlaýarlanyp hem bilner. Taýýarlanyş tehnologik yzygiderligi şulardan ybaratdyr: çig maly taýýarlamak, süýdi ýylylyk bilen işlemek, gomogenizirlemek, gönezlik goşmak temperatura çenli sowatmak, gönezlik goşmak, sowatmak, uýatmak, uýadylan massany süzmek, taýýar bolan süzmäni gaplamak. Önüm taýýarlamak üçin gerekli çig mal saýlanandan soňra ony pasterezirleýärler 76-800С çenli. Söňra süýdi gomogenizirleýärler 12-15 Mpa 50-550С-de ýerine ýetirilýär. Sowandan soňra süýdüň düzümine 2-3%-e çenli gönezlik goşulyp, gowy edip garyşdyrylýar we öz erkine goýulýar. Soňra uýadylandan soň alynan  lagta sowadylýar we haltalara guýulýar. Haltalarda lagta süzülýär we gerekli çyglylyga çenli ýetirilýär. Emele gelen süzmäni dürli göwrümli gaplara gaplanýar (0,25;0,5;1,0). Süzme önüminiň  ýaglylygy 8 %, belok saklaýjylygy 3 %, uglewod 2,9 % barabar. Iýmitlik gymmaty 95,6 kkal deňdir. Häzirki döwürde öndürilýän süzme önümine duz goşmak arkaly hem öndürilýär. Süzme önüminiň saklanyş şertleri 2-6 0С-de ýerine ýetirilýär. Önümiň ýaramlylk möhleti 36 sagada deňdir.

Gurt” önümi sütturşy önümidir. Ol gaýnadylan sygyr, goýun ýa-da geçi süýdünden, şeýle hem, olaryň garyndysyndan süzme we ýagy aýrylan süýtden ýa-da aýrandan çekize taýynlaýarlanyp, şekil berilip guradylýar.  Süzme taýyn bolandan soň, ony agdyk duzlaýarlar we oňat edip garýarlar. Soňra duzlanan we az owlak gatan süzmeden, köke ýa-da togalak (şar) görnüşli şekilleri ýasamaly, olaryň agramy 40-60 gr töweregi bolmalydyr. Şekil berilen gurtlary kölegede 2-3 günüň dowamynda mazaly gurap gataýança serip goýmaly.

Gurduň çyglylygy gowy guradylanda 6-8 %-den geçmeýar. Ony arassa mata haltalara salyp, gyşa çenli gury, salkyn ýerde asyp goýýarlar (ýerde saklasaň çyg çekip, zaýalanmagy mümkin). Basyş bilen bilen işlenen çekide düzümnama boýunça nahar duzy gyzyl burç ýaly goşundylar goşulýar. Goşundylar goşulandan soň çekidäni dürli gornişlerde galyplaýarlar. Şarjagaz ýa-da çörek gornüşde agramy 40-60 gr  bolýar Galyplanan “Gurt” önümini guradyjy kamerada (37-390С temperaturada) guradylýar. Gaplanan “Gurt” önümini ramkanyň üstine ýerleşdirilýär. Guratmagyň dowamynda 2-3 gezek ramkalaryň ýerini çalşyp durýarlar. “Gurt” önüminiň çyglylygyny barlap durmaly, haçanda onuň çyglylygy 10% ýetse, “Gurt” önümi taýýar diýip hasaplanýar we ol TDS laýyklykda gaplanýar.

“Gurt” önümi gyşyna suwda eredilip, aş gatyklamak üçin ulanylýar  ýa-da çal edip içilýär. Tagamy we hili oňat saklanýar hem-de naharyň ýanynda gowy içgi bolýar. “Gurt” önüminiň himiki düzümi: ýaglylygy 10-e çenli, duzy 2%, çyglylygy 10%-e çenli bolup hem biler. Turşulygy 250-300°T.

Leýla ÝAKUBOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.