Sagdyn durmuş — ynsan saglygynyň kepili

14-10-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň her bir raýatynyň okamagy, öwrenmegi, alan hünäriniň eýesi bolmagy, zähmet çekmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilen. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryny ýörelge edinýän halkymyz abadan, parahat durmuşymyzyň hatyrasyna alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmaga çalyşýar.

Merdana halkymyza gadymy döwürlerden bäri sagdynlyk hem-de ruhubelentlik durmuş ýörelgesi bolup gelýär. «Saglygym — baş baýlygym», «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok», «Bar zadyň sakasy saglyk», «Sag başym — soltan başym» diýen paýhasly sözleriň döremegi munuň şeýledigini subut edýär. Türkmen milli oýunlaryny alanymyzda hem, olaryň çeýeligi, gujur-gaýratlylygy, ruhy we beden taýdan berkligi talap edendigine şaýat bolýarsyň.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport we olimpiýa hereketini höweslendirmek we ösdürmek, oňa ýaşlary işjeň çekmek, türkmenistanlylarda çagalyk ýyllaryndan başlap bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwesi artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, zähmetsöýerligiň we döredijiligiň esasynda duran gymmatlyklary berkarar etmek ugrunda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüp ulalmagy üçin arassa daşky gurşawy goramakdan, dogry iýmitlenmekden başlap, sport bilen giňden meşgullanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ata Watanymyz Türkmenistanda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin bedenterbiýe-sport dabaralary, Saglyk ýoluna ýörişler geçirilýär.

Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli ýurdumyzyň  ähli ýerinde türgenleriň görkezme çykyşlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar we milli sport oýunlary boýunça bäsleşikler, aýdym-sazly çykyşlar guralýar.  Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda geçirilen giň gerimli baýramçylyk çäreleri Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyz Türkmenistanda  Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlap, yzygiderli durmuşa geçiren sagdyn durmuş ýörelgesiniň – köpçülikleýin sport we bedenterbiýe syýasatynyň dowamat dowam bolýandygyny bütindünýä aýan etdi.

Berkarar döwletimizde her ýyl yzygiderli görnüşde dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň müňlerçesini jemleýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy, awtoulagsyz günüň yglan edilmegi türkmen jemgyýetinde indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, welosipediň ähmiýetini görkezmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny we ekologik abadançylygyny wagyz etmek bilen baglanyşykly çäreleri öz içine alýan, welosiped sürmek boýunça köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. 2019-njy ýylda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş» geçirildi. Şol iki çäre hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk berýän «Welosiped» binasynyň açylmagy Garaşsyz ýurdumyzda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanylýan welosipede berilýän uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasy boldy. Bu günki gün «Welosiped» binasy welosipedli ýörişleriň, ekologiýa çäreleriniň we beýleki iri dabaralaryň geçirilýän ýerleriniň birine öwrüldi.

Ýurdumyzda köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge şeýle hem sport medeniýetini  ösdürmäge aýratyn ähmiýet  berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak üçin hem ähli şertler döredilen. Bu bolsa her bir adamyň beden taýdan sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we ony wagyz ediji, şeýle hem bu ugurda ildeşlerimize, öňi bilen bolsa ýaşlara şahsy görelde görkezmek bilen, milli Liderimiz adam we onuň saglygy, abadançylygy ugrundaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Türkmenistanyň tutuş ilatymyza işjeň dynç alyş üçin giň mümkinçilikleri açýan «Bedenterbiýe we sport hakyndaky» Kanunynyň kabul edilmegi döwletimiziň halkyň saglygy hakynda edýän aladasynyň ýene-de bir subutnamasydyr. «Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy» diýen ada mynasyp bolan Türkmenistan bu babatda sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ýakyn hem-de uzak möhletli geljek üçin ösdürmäge we wagyz etmäge gönükdirilen üstünlikli ädimler boýunça beýleki döwletlere görelde bolup durýar.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketi – sagdyn durmuş ýörelgesi ýurdumyzyň milli ösüş tapgyrynyň – täze zamanasynyň ruhuna laýykda gün-günden pajarlap ösýär. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Merjen DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

“Dialog – parahatçylygyň kepili”

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.


SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.


ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.


«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere  beslenýär. 


«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.