Ýaşlar bilen aýdyň geljegimizi gurýarys
19-10-24
Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli ýöredýän «Açyk gapylar» syýasaty bütin dünýäde uly goldawa eýe bolup, döwletleriň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary netijeli ýola goýmaga mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem bu syýasatyň alnyp barylmagy, ýagny ýurdumyzyň bilim edaralarynda «Açyk gapylar» gününiň geçirilmegi ýaşlary sowat öwrenmäge we bilim almaga höweslendirmek maksadyna gönükdirilendir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda «Açyk gapylar» gününiň bellenilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Bu ýörelgeden ugur alnyp, bu günki gün biziň hem orta mekdebimizde «Açyk gapylar» güni dabaraly geçirilýär. Munda orta mekdebimiziň zehinli okuwçylary okuw ýylynyň dowamynda gazanan üstünliklerini, boş wagtlarynda mekdebimizde hereket edýän gurnaklarda ýerine ýetiren işlerini buýsanç bilen sergilediler.
Sanly tehnologiýalar kem-kemden biziň durmuşumyzyň ähli pudaklaýyn ugurlaryna doly ornaşyp barýar. Robotlar adama ýerine ýetirmesi has kyn bolan işlerde, örän çylşyrymly ýerlerde, has dürsligi talap edýän bir depginli proseslerde giňden ýardam edýär. Robotuň talap edilýän işi dogry ýerine ýetirmegi üçin onuň diňe bir işlenip taýýarlanmagy däl-de, eýsem programmirlenmegi-de zerurdyr. Şonuň üçin häzirki zaman biliminiň öňünde durýan möhüm meseleleriň biri robotehnika pudagy boýunça hünärmenleri taýýarlamakdyr. Adam robotehnikanyň ýörelgeleleri bilen näçe ir tanşyp bilse, geljekde-de bu ugurdan ökde hünärmen bolmaga has ýakyndyr. Muňa düşünýän mekdebimiziň ussat mugallymlarydyr zehinli okuwçylary bu babatda netijeli işleri alyp barýarlar.
Biziň orta mekdebimizde hem okuwçylarymyz robot düzmek işi bilen meşgullanyp, bu ugurda eýýäm birnäçe işleri bitirdiler. Olaryň düzen robotlary mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän ýaryşlaryna hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Elbetde bu bolsa biziň orta mekdebimiziň abraýyna abraý goşdy.
Ýeri gelende bellesek, üstümizdäki ýylyň, altyn güýzünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda Robototehnika bilim merkezi hereket etmäge başlady. Ýurdumyzda soňky ýyllarda öwrenilip başlanan bu ugur milli bilim ulgamynda ileri tutulýan hünär bilimine öwrülýär. Ol ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňelmegine, innowasion tehnologik ukyp-başarnyklarynyň kämilleşmegine ýardam edýär.
Robototehnika merkezinde geljegi uly ugurlaryň hatarynda hasaplanýan bu ugry öwrenmekde netijeli çemeleşme bolan STEAM bilim modeline (Science, Technology, Engineering, Art, Mathematics) esaslanylyp, ýaşlara robot enjamlaryny işläp düzmegiň nazaryýetinde ylym, tehnologiýa, inženerçilik, sungat, matematika ugurlary utgaşykly öwredilýär. Çünki soňky ýyllarda bu bilim modelinde göz öňünde tutulan dersler bilen gyradeňlikde robototehnika boýunça bilim bermek bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy. Sebäbi bu ugurlary içgin öwrenmek arkaly ýüze çykýan ukyp-başarnyklar zähmet bazarynda barha uly islege eýedir. Şu hili döwrebap dünýä tejribesinden we mugallymlaryň, ýaşlaryň hem-de olaryň ene-atalarynyň isleglerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim edaralarynda robototehnika merkezlerini açmaga uly ähmiýet berilýär.
7-nji hem-de ondan ýokary synp okuwçylar üçin niýetlenilen Robototehnika merkezinde nazary we amaly bölümler hereket edýär. Nazary bölümde okuwçylara temalaryň ylmy-nazary we programmirleniş usullary öwredilse, amaly bölümde amallaryň tehniki we elektron taraplary özbaşdak ýerine ýetirilýär.
Robototehnika merkezleri, ilkinji nobatda, önümçiligi awtomatlaşdyrmagy we robotlaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze açylan döwrebap binalar toplumynda hem Robototehnika otagynyň döredilip, harby okuwçylara robotlary düzmek, uçarmansyz uçýan enjamlary dolandyrmak boýunça türgenleşmek üçin şertleriň üpjün edilmegi olaryň innowasion ukyp-başarnyklarynyň kämilleşmegine ýardam eder.
Döwrebap bilimleriň öwrenilmegi häzirki wagtda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Şunda döwrüň talabyndan ugur alnyp, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işiniň guralyşyna täzeçillikler girizilýär. Robototehnika merkeziniň açylmagy hem ýaş nesliň geljegi uly ugurlary çuňňur öwrenip, innowasion tehnologiýalardan döredijilikli baş çykarmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Mundan başgada bu ugur boýunça hereket edýän 2019-njy ýylda döredilen «Imdatbot» çagalaryň robotehnika merkezi ýaş öwrenijilere inženerçilik we programmistlik ukyplaryny açyp görkezmekde netijeli işleriň biri boldy. Bu ýerde robotlary döretmegiň we dolandyrmagyň esaslary, şeýle hem programmirlemegiň ýörelgeleri 7 ýaş we ondan uly mekdep okuwçylary tarapyndan öwrenilýär.
Döredilýän mümkinçiliklerden amatly peýdalanýan zehinli okuwçylarymyz hem robotehnika ugrunda täze çemeleşmeleri içgin öwrenýärler. Mekdep okuwçylarynyň arasynda robotlary düzmek boýunça dünýä ýaryşlaryna çykýanlary hem az däl. Biz bu işleriň ýene-de has dowamly boljagyna berk ynanýarys. Ýaş nesillere bilim bermekde dünýäniň öňdebaryjy tehniki serişdelerini bilim ulgamyna girizmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin biz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sagbolsun aýdýarys. Goý, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Ogulnäzik HOJAGULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 129-njy orta mekdebiniň I derejeli başlangyç synp mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.