TÜRKMENISTANYŇ ELEKTRIK ENERGETIKA PUDAGY PARAHATÇYLYKLY ÖSÜŞ ÝOLUNDA

06-09-24

Baky Bitarap Watanymyzyň ykdysady taýdan ösmegine esasy itergi berýän pudaklaryň biri hem elektrik energetikasy pudagy bolup durýar. Elektrik energetikasy pudagy diňe bir önümçilik-ykdysady meseleleri çözmek bilen baglanyşykly däl-de, eýsem, wajyp durmuş ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilip ösdürilýär. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak we bu ugurda ähli meýilleşdirilen çäreleri ýerine ýetirmek üçin toplumlaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda elektrik energiýasynyň ägirt uly gory döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň milli energetika pudagy üçin, henize çenli görlüp-eşidilmedik, diýseň belent sepgitdir. Bu belent sepgide ýetmek bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň bu pudagy düýpli ösdürmek babatda edýän yzygiderli tagallalarynyň esasynda mümkin boldy.

Döwlet Baştutanymyz energetika pudagynda innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagyna, elektrik desgalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we täzelerini gurmak boýunça iri taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilmegine uly üns berýär. Täze elektrik geçiriji ulgamlar barha uzalyp, ilatly ýerleriň we önümçiligiň energiýa bilen üpjünçiligi sazlaşykly guralýar.

Halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ilatyň elektrik energiýasyna bolan islegini doly üpjün etmek, elektrik enegiýasyny daşary ýurtlara eksport maksady bilen ýurdumyzda “Elektrik energiýasy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Bu kanunda elektrik energetika pudagyň ýurdumyzyň ykdysady ulgamyndaky orny, onda işleriň guralyşynyň aýratynlyklary, energoüpjünçilik kärhanalarynyň we sarp edijileriň hukuklary, borçlary, elektrik energiýasynyň sarp edilişine gözegçilik we beýleki möhüm ugurlary öz beýanyny tapýar.  Munuň özi ýurdumyzda milli energetika pudagynyň döwrebap derejede ösüşiniň kämil kanunçylyk binýadynyň döredilendigi görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda elektrik geçiriji ulgamlaryň, paýlaýjy kiçi stansiýalaryň gurulmagy, könelişen elektrik geçirijileriniň çalşyrylmagy netijesinde şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik we yşyklandyryş ulgamlary täzelenýär. Şeýlelikde, içerki sarp edijiler bökdençsiz üpjün edilýär we goňşy ýurtlara elektrik energiýasynyň iberilýän möçberleri artdyrylýar. Energetika kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmak hem-de ugurlaryny giňeltmek maksady bilen, Ahal-Balkan we Balkan-Daşoguz welaýatlarynyň arasynda halkalaýyn energoulgamy döretmek bilen bagly taslama aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny pugtalandyrmak energetika ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir Ahal-Balkan we Balkan-Daşoguz elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň taslamasynyň çäklerinde täze halkalaýyn energiýa ulgamy kemala geler. Energetika pudagynda özüniň möçberi boýunça ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda energiýa üpjünçilik ulgamynyň doly döwrebaplaşýandygyny görkezýär. Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň uly bölegi senagatda, jemagat we oba hojalygynda ulanylýar. Ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda sarp edilýän, şeýle hem eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberi ýylsaýyn artýar.

Ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek hem-de onuň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçiligiň adama we daşky gurşawa ýetirýän zyýanly täsirini azaltmak, başga çeşmelerden elektrik energiýasyny almak boýunça ykdysady taýdan bähbitli we esaslandyrylan taslamalary durmuşa geçirmek işlerine uly ýardam berýär. Energetika pudagyny ösdürmekde we ony täze belentliklere çykarmakda ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Gurbangeldi GARAGELDIÝEW,
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.