YLYM-BILIM — AÝDYŇ GELJEGIMIZ
09-02-26
Her bir ýaşuly nesliň durmuş tejribesi ýaşlar üçin göreldedir. Bilşimiz ýaly ylym-bilim adamzat durmuşynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ylmy milli aýratynlyklary hem-de dünýä ylmynyň ösüş aýratynlyklaryny göz öňünde tutýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň çuňňur ylymly bilimli, dünýä derejeli ylmyň hem ylmy dünýägaraýşyň eýesi bolmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ylym-bilim jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun tutýar, ýurduň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynda esasy şert bolup hyzmat edýär.
Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ýakyn we orta geljek üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, innowasiýalaryň döwletiň ähli pudaklarynyň ösüşiniň özeni bolmalydyr. Onuň esasynda bolsa, ilkinji nobatda, ylym we bilim hem-de halkara gatnaşyklar bar.
Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýar.
Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdepleriniň öňünde ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň anyk ugurlaryny kesgitlemek hem-de bu ugra degişli Maksatnamany taýýarlamak wezipelerini öňde goýdy. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny çuňlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga hem-de okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna laýyklykda bu ulgamda sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan giňden peýdalanylýar.
Döwrüň talabyna laýyklykda, milli bilim ulgamynyň özgerdilmegine döwlet Baştutany tarapyndan kabul edilýän wajyp resminamalar gönükdirilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» bar. Bu gün döwletimiziň ösüşiniň depgini döwrebap innowasion tehnologiýalardan kämil derejede baş çykarýan hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmen ylmyny ösdürmek maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Bu örän guwandyryjy ýagdaýdyr.
Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmäge we ýaýratmaga, durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen işler toplumlaýyn alnyp barylýar. Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri ulanylyş mümkinçiligini yzygiderli giňeltmek netijesinde bilim edaralarynda bilim bermegiň mazmunyny baýlaşdyrmak, ruhy gymmatlyklarymyzy, milli terbiýäni hem-de ylmyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak giň gerimli işleriň esasy ugrudyr.
Ýokary okuw mekdeplerinde elektron kitaphanalaryň, sanly portallaryň işi ýola goýulýar. Şunuň bilen baglylykda, multimedia serişdeleriniň ulanylmagy maddy çykdajylary azaltmaga, dolandyryşy ýeňilleşdirmäge, maglumatlaryň merkezleşdirilen dolandyrmasyny ýola goýmaga, talyplaryň ýetişigine gözegçilik etmäge, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bilim ojaklarynyň arasynda onlaýn maslahatlary guramaga ýardam edýär. Bu bolsa ylma höwesek ýaşlaryň mynasyp derejede hünär öwrenmegine, ylmy gözleglerini çuňlaşdyrmagyna ýol açýar.Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda yzygiderli ders we ylmy işleriň bäsleşikleri geçirilip, olaryň başarnyklary doly derejede açylyp görkezilýär.
Türkmen ýaşlarynyň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Nurtäç DURDYMYRADOWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 14-nji orta mekdebiniň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ỳetiriji.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.