Abadan ýaşaýşyň kepilli
24-03-22
Watanyň ösüşine mynasyp goşant goşmak we oňa hyzmat etmek biziň her birimiziň esasy maksadymyzdyr. Şeýle işleri durmuşa geçirip iş ýüzünde amal etmek daş-töweregiň tämizligini üpjün etmekden başlanýar. «Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigat bilen ylalaşykda ýaşamagyň özlerine mahsus bolan ýörelgelerini döredipdirler» diýip Gahryman Arkadagymyz jaýdar belleýär. Şoňa laýyklykda döwletimizde ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde guwandyryjy netijeler gazanylýar.
2015-nji ýylda BMG-niň Durnukly ösüş boýunça sammitiniň maksatnamalaýyn resminamasynda «2030-njy ýyla çenli ösüş ulgamynda Gün tertibi» kabul edildi. Resminama maksatlaryň 17-sini özünde jemleýär. Şolaryň hatarynda suwdan rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmek, ummanlary, deňizleri we olaryň serişdelerini aýawly saklamak, rejeli ulanmak, çölleşmäge garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi saklamak we beýleki wezipeler bar.
Merkezi Garagumda döredilen «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasy, ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän görnüşlerini özünde saklaýan «Hazar» döwlet goraghanasy, Halkara deňiz portunyň golaýyndaky emeli ada, «Altyn asyr» Türkmen köli we başga-da birnäçe taslamalar hereket edýär. Munda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan iň täze tehnologiýalara hem köpasyrlyk milli däplere esaslanyp kabul edilen «Ýaşyl ösüş strategiýasy» durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň guraly hökmünde hyzmat eder.
Milli Liderimiziň başyny başlan «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy», «Türkmenistanyň Aral boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy», «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» rejelenen görnüşi, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» tapgyrlaýyn amala aşyrylyp, ýurdumyzyň we sebitiň ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň netijesinde her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli agaçlary ekmek, öňden bar bolanlaryna ideg etmek asylly däbe öwrüldi. 2020-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 25 million düýp miweli, saýaly, pürli baglar hem-de üzüm ekilen bolsa, 2021-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp nahal oturdyldy.
Kabul edilen dünýä möçberli maksatnamalardyr meýilnamalary durmuşa geçirmekde döwletimiz halkara hukugynyň kadalaryna kybap gelýän «Tokaý kodeksi», «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balykçylyk we suw biologik serişdeleri goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» we beýleki Türkmenistanyň kanunlaryna salgylanýar.
2021-nji ýylda Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Kanunyň kabul edilmegi Gün, ýel, suw energiýasy ýaly tebigy çeşmeleri giňden peýdalanmaga we daşky gurşawy goramak hem-de önümçilige ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaly «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen işleri amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Gahryman Arkadagymyz milli parlamentiň ýolbaşçylaryna ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda, şol sanda daşky gurşawy goramak, ekologiýa babatda alnyp barylýan giň möçberli işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we ony umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek bilen baglanyşykly yzygiderli tabşyryklar berdi. Şolardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşi daşky gurşawy goramak çygrynda «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Galyndylar hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi.
Atageldi BEKIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.