Bagy-bossan paýtagtym
25-04-22
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänama berildi. Bu baradaky BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habary şu gün ― 22-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimize ýetirdi.
Aziýanyň merjen şäheri — paýtagtymyz Aşgabat medeni-dynç alyş merkezleriniň, seýilgähleriň mekany. Bu gün ak mermer örtülen belent binalary bilen tanalýan Aşgabat gür baglyga beslenip, al-elwan gülleriniň hoşboý ysy bark urýan şähere öwrüldi. Paýtagtymyzyň ähli ýerlerinde dynç almak üçin medeni-dynç alyş merkezleri, seýilgählerdir medeniýet merkezleri bar. Bu ýerde gurlan binalar daşky keşbi boýunça hersi aýratyn bir görnüşe, binagärlik usulyna degişli bolşy ýaly, olaryň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, saýaly baglar, gözüňe ýakymly görünýän güller bilen bezelýär.
2015-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabat şäheriniň merkezinde, ak mermerli paýtagtymyzyň owadan künjekleriniň birinde — Bitaraplyk we Atamyrat Nyýazow şaýollarynyň kesişýän ýerinde «Arkadag» medeni-dynç alyş seýilgähi guruldy. Durmuş-medeni ähmiýetli bu desga 7 gektar meýdany tutýar. Baglardyr ýakymly ysly güller bilen bezelmegi seýilgähe özboluşly görk berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň hormatyna seýilgähiň «Arkadag» diýlip atlandyrylmagy uly mana eýedir. Daşy Oguzhanyň altyn ýyldyzy we gölleriň bäşisi bilen gurşalyp, zergärçilik sungatynyň gadymy nusgalarynyň biri bolan gülýakany ýadyňa salýan «Älem» medeni-dynç alyş merkezi halkyň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Binanyň synlaýyş merkezinden onuň daş-töweregini synlanyňda baglaryň gülleriň dürli görnüşleri gözüňe has-da yssy görünýär.
«Ylham» seýilgähi barada aýdylanda bolsa halkymyzyň medeniýetine we sungatyna uly goşant goşan belli şahsyýetleriň keşpleri bilen bir hatarda owadan görnüşde ekilen baglardyr güller adamlaryň ünsüni özüne çekip, bu ýerde dynç almaga bolan höwesi artdyrýar. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleri, ýazyjy-şahyrlarymyzyň ençemesiniň heýkelleriniň paýtagtyň merkezi böleginde, şeýle gül-gülzarlyklara beslenip durmagy olara goýulýan belent hormatdan nyşandyr.
Hoşgeldi ORAZGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.