YLYM DÜNÝÄSINIŇ AK ÝOLUNDA

11-10-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizi ylmy esasda alyp barmaga uly üns berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakynda”, “Türkmenistanda ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamagy üpjün etmek hem-de ylmy taslamalara döwlet maliýe goldawyny bermek hakynda” Kararlara gol çekmegi  hem-de olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy doly şaýatlyk edýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ykdysady-syýasy we medeni-ruhy taýdan has-da gülläp ösmegine ýardam etjek ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumy bilim berýän mekdepleriň, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna uly orun degişlidir. Şonuň üçin-de olar okuw usullaryndan, serişdelerinden ýerlikli peýdalanýarlar, ýaşlaryň akyl, beden we ruhy taýdan kämilligini ösdürmäge degişli işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň  baştutanlygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepler ulgamy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ylym-bilim mümkinçiliklerini artdyrýar we okatmagyň täze usullaryny ornaşdyrýar. Şunlukda, milli bilim ulgamy ýurdumyzyň hem-de dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerine, ylmy we tehniki ösüşiň häzirki zaman gazananlaryna daýanýar.

Täze ylym-bilim ulgamynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün edýän ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçilik zerurlygy onuň täze ylmy pudaklarynyň yzygiderli ösdürilmegi we häzirki zaman ylmyna daýanýan jemgyýetiň kemala gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilim ulgamynyň düýpli özgerdilmegini, soňky ýyllarda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň täze onlarça ugrunyň kemala gelmegini şertlendirýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesilleriň dünýä derejesinde bilim almaklary üçin ýadawsyz aladalary edýär. Ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleri üçin täze binalaryň gurulmagy, öňküleriň durkunyň düýpli abatlanmagy, okuw otaglarynyň ýokary derejede kompýuter we beýleki enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy, talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy şeýle aladalaryň netijesidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilimi kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak jemgyýetiň ruhy, durmuş ykdysady, medeni ösüşiniň binýady hökmünde Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtda amala aşyrylýan bilim özgertmesinde wajyp ornuň innowasiýalara berilmegi bolsa, türkmen ýaşlarynyň dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmeklerini şertlendirýär. Ulanylmaga berilýän täze binalar toplumlaryndaky zamanabap ulgamlar, kompýuterleşdirilen okuw otaglary, dil öwrenmegi ýeňilleşdirýän ýörite otaglary, ýokary hilli sport-sagaldyş toplumlary nesilleriň halkara talaplaryna laýyk gelýän bilim almaklaryna itergi berýär.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň kuwwaty yzygiderli artdyrylýar, dünýä tejribesine laýyk gelýän innowasiýalar ornaşdyrylýar. 

Döwletiň geljekki ösüşini üpjün etmek üçin ýurdumyzyň bagtyýar neslini ylma, bilime çekmek ilkinji zerurlyk bolup, munuň üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýän zamanasynda, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaşlar okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek bilen Watanymyzyň binýadyny has-da pugtalandyrmalydyrlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň geljekde ilhalar, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri, döredijilik, ylmy we taslama işleri bilen meşgullanmaklary, dünýä derejesindäki ösen tehnologiýa ulgamlaryndan oňat baş çykarmaklary üçin taýsyz tagallalary edip, olara hemişe uly ynam bildirýär. Hormatly Prezidentimiziň belent ynamyny ödemek, berkarar Watanymyzyň mynasyp nesilleri bolup ýetişmek bolsa mukaddes borçdur.

Bagtyýar durmuşda işlemäge, döretmäge giň ýol açyp beren, bize ajaýyp zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Artyk KAKALYÝEW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň fizika we elektrotehnika kafedrasynyň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.