ABADANÇYLYGYŇ ŞUGLASY

15-03-22

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň eline gowşan «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitaby «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň taryhy wakalarynyň üstüni ýetirdi. Täze neşiriň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününde halkymyza peşgeş berilmegi hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanylmagy bu hünär baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy.

Hormatly Prezidentimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitaby bütin halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylyň başynda türkmen halkynyň «togsan dolup, ýere ýyly girende» diýen aýtgysynyň tüýs zamanynda hormatly Prezidentimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň elimize gowuşmagy bütin halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.

Baharyň ene Ýere täzeden direliş berşi ýaly, öz eziz halkyny tenekar çeşme deýin gandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseri biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak taglymatlardyr. Bu dürdäne eser dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň pajarlamagy üçin bimöçber alada edýän Gahryman Prezidentimiziň ýyllaryň dowamynda toplan tejribeleriniň altyn setirlere geçen kämil nusgasydyr. Çünki «Ene Ýeriň abadançylygy, Asmanyň asudalygy» diýen düşünjeler parahatçylyk diýen uly bir mazmuna birigýär. Bu mazmun bolsa ynsanyýetiň parahat durmuşynyň näderejede zerurlykdygy hakdaky hakykaty açyp görkezýär.

Kitapda Gahryman Arkadagymyzyň dünýädäki abraýly münberlerden adamzady parahatçylyga çagyrýan nurana pikirlerini beýan edýän çykyşlarynyň ýerleşdirilmegi biziň her birimizi çuňňur buýsandyrýar. Hormatly ýurt Baştutanymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň türkmen halkynyň dostanalygyny älem-jahana ýaýmakda ajaýyp gollanma boljakdygyny buýsanç bilen nygtamak isleýäris.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn içeri we dostlukly daşary syýasatynyň türkmen halkynyň ruhuny, döwletimiziň mizemez Tuguny belende göterip, asuda Asmanyň astynda, parahat Zeminiň üstünde hemişe dabaralanmagyny, bütin dünýäniň abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Toýly ÖWEZOW, 
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.