ÝAŞULULARYŇ GÖRELDESI — ÝAŞLARA ÝÖRELGE
15-03-22
Ýaşlyk — ömrüň iň bir arzyly döwri. Onda hyjuw bar, joşgun bar, ylham bar. Ynsan ömrüniň dowamlylygyny möwsümler bilen ölçesek, ýaşlyk onuň bahar paslydyr. Ýaşlyk ömür daragtynyň gül açan çagydyr. Ýaşlar diýen düşünje gönüden-göni bilim düşünjesi bilen utgaşýar. Häzirki wagtda ruhubelent, ýokary ahlakly we bilimli ýaş nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň anyk kesgitlän döwlet ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de durnukly we hemmetaraplaýyn ösdürmekde hem-de onuň dünýä giňişliginde eýeleýän öňdebaryjy ornuny pugtalandyrmakda döwletimiz hem halkymyz ýaşlara bil baglaýar.
Ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek milli maksatnamalaryň esasy ugurlarydyr. Ýokary derejede geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine ýurdumyzyň ähli ýaşdaky wekilleri gatnaşdylar. Olaryň içinde döwlet ýolbaşçylary, mekdep mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şol sanda talyp ýaşlar hem bar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň at-abraýy, mertebesi milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde täze belentliklere göterildi. Ynha, indi bolsa ýurdumyzyň täze ösüşleri, täze üstünlikleri — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowam edýär.
Halk Maslahatynyň dowamynda bu döwrüň hut hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen atlandyrylmagy aýratyn mana eýedir. Çünki täze eýýamyň Galkynyşy has-da galkynmak, täzeden bat almak bilen manydaşdyr. Diýmek, eziz ýurdumyz özüniň ösüş ýolunda has-da batly gadamlara eýe bolar. Munuň şeýle boljakdygyny Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda görmek bolýar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň manyly çykyşynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz: «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter», «Ulularyň göreldesi — nesillere ýörelge» ýaly halk pähimlerini mysal getirdi. Hakykatdan-da, halypaşägirtlik ýoly mukaddes ýoldur. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň hem bu ýoly dowam etdirmegiň zerurdygyny, nesilleriň dowamatdowam bolmalydygyny belläp, ýaşlarymyzyň indi döwlet ýolbaşçysy wezipelerini ýöredip biljekdiklerini, bu babatda ýaşlarymyza özüniň baý tejribesine esaslanyp goldaw berjekdigini aýtmagy biz — ýaşlary diýseň buýsandyrdy.
Şeýle-de Halk Maslahatynyň dowamynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Iň esasy bellemeli zadymyz hem, bu maksatnamanyň çäklerinde Garaşsyz Watanymyzda senagat taýdan özgertmelere geçmeklik doly suratda göz öňüne tutulýar. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginde ýaşlara uly ynam bildirilýändigi biziň egnimize has yhlasly okamak we işlemek bilen bagly jogapkärçiligi ýükleýär.
Biz — ýaşlaryň bagtyýar geljegi ugrunda uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent mertebesi has-da zyýada bolsun!
Gurbanmyrat SÄHETLIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.