Türkmen halkynyň buýsanjy ahalteke bedewler
24-04-25
Milli mirasymyzy, ruhy-medeni baýlyklarymyzy öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda alnyp barylýan işler taryhy gymmatlyklarymyza söýgiňi, buýsanjyňy has-da artdyrýar. Bagtyýar halkymyz bu gün ýene bir şanly senäni — Türkmen bedewiniň milli baýramyny uludan toýlaýar. Halkyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri dünýäde çapuw atlaryň tohumlarynyň arasynda iň naýbaşylaryň biri hasaplanýar.
Türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri çapuw atlarynyň tohumlarynyň arasynda iň owadanlarynyň, naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. lkinji nobatda, türkmen tebigatynyň, ata-babalarymyzyň maksadaokgunly, döredijilikli hem-de tutanýerli zähmetiniň netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» diýen kitabynda bellenip geçilişi ýaly, howsalaly, garaşylmadyk ýagdaýlaryň türkmeniň häsiýetinde hüşgärligi döredişi ýaly, onuň atlarynyň häsiýetinde hem duýgurlygy, hüşgärligi terbiýeläpdir. Howanyň mylaýymlygy, ot-iýmiň bolelin şertlerinde öz ugruna aýlanyp duran durmuş bu atlaryň ýüwrüklige we çakganlyga, duýgurlyga we ýeňil gopup-galmaga, şu esasda nerw ulgamynyň ýokary derejede kämil ösmegine itergi beripdir.
Ahalteke bedewleriniň ýorgalap ýöreýşi, hereketiniň çeýeligi, onuň üstündäki çapyksuwary hiç hili ýadatmaýandygy dünýäniň atşynaslaryny haýran galdyrýar.Ahalteke bedewleriniň reňkiniň kemala gelmeginde hem türkmen tebigatynyň we oňa Gün şöhlesiniň düşmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Çünki gamyşgulak bedewiň derisiniň astyndan geçýän gan damarlary beýleki tohum atlara görä has gür ýerleşýär. Bu bolsa deriniň iýmitlik maddalar bilen ýeterlik üpjün edilmeginde, deriniň önümi bolan tüýde madda çalşygynyň has güýçli geçip, reňk emele getiriji pigment öýjükleriň işjeň döremegine ýardam berýär. Günüň nurly şöhlesi deride emele gelýän ýag damjalarynyň mukdaryny sazlamak bilen, bedewlere mahsus owadan ak, mele, dor, boz ýaly reňkleriň has öwüşginli bolmagyna getirýär. Şeýle-de bedewleriň reňkiniň emele gelmegine onuň iýýän iýmiti hem uly täsir edipdir.
Behişdi bedewlerimiziň beýleki häsiýetleridir daşky görnüş alamatlary halk seçgisiniň netijesidir. Ussat seýisler bolan ata-babalarymyz ahalteke atlarynyň boýunyň uzyn bolmagyny olara iýmiti ýörite gazylan çukurjyklarda bermek bilen, döş kapasasynyň göwnejaý kemala gelmegini, gapyrgalarynyň çeýe we tekizligini taýçanaklaryň arkasyna belli bir agramdaky ýüki dürli görnüşde berkidip, çalt ylgamakda tälim bermek arkaly gazanypdyrlar.
Görşümiz ýaly, türkmen halkynyň sünnäläp sungat derejesine göteren, şöhratly geçmişine, şatlykly-hasratly günlerine şaýat bolan, gardaşy hasaplanan bedewlerimiz biologik mümkinçilikleridir beden gurluşy we beden agzalarynyň sazlaşygy boýunça beýleki jandarlardan düýpli tapawutlanýar. Onuň şan-şöhratyny dünýä jar etmekde, geçmiş taryhyny öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne kitaplarynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kitaplarda ahalteke bedewiniň gelip çykyşy, atlaryň beýleki tohumlaryndan düýpgöter tapawut edýändigi anyk mysallardyr delilleriň üsti bilen beýan edilýär.
Gahryman Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris! Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Azat ATABAÝEW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.