BAGTYÝAR GÜNLERDEN BADALGA
25-03-22
Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça tutuş ýurdumyzda 20-nji martda ýaýbaňlandyrylan dabara bagtyýar günlerden badalga aldy. Bu ajaýyp sene 19-njy martda wezipesine girişen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda badalga berlen köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsüminiň Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe gabat gelmeginde özboluşly many bar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ata Watanymyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga büremek boýunça ýaýbaňlandyrylan asylly çäre ruhubelentlik bilen dowam etdirildi. Halkymyzyň «Bag durmuşyň bezegidir» diýen paýhasly jümlesi biziň günlerimizde nurana arzuwlaryň amala aşýandygyny görkezýän hakykata öwrüldi.
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen başlanan köpçülikleýin bag ekmek dabarasy hormatly Prezidentimiziň türkmeniň täze ýyl senesini alamatlandyrýan Nowruz baýramy bilen utgaşyp gidýän bagtyýar günlerden badalga aldy.
Adam bu gün başlan işleriniň ertirki gün dowam etdiriljekdigine ynansa, kalby kanagatly bolýar. Ata-babalarymyz hem tebigat bilen örän ysnyşykly ýaşapdyrlar. Tebigaty iýmit çeşmesi hökmünde peýdalanyp, azyk önümlerini öz elleri bilen, alyn derlerini siňdirip ýetişdiripdirler. «Adam eli gyzyl gül» diýip dogry aýdypdyrlar. 20-nji martda geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasy hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen amala aşyryldy. Bu dabaraly çäre «Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda çykaran Kararyna laýyklykda geçirildi.
Ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň guramagynda işjeň ýagdaýda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy ata-babalarymyzyň tebigat bilen ysnyşykly ýaşamak ýörelgeleriniň döwrebap dowamydyr.
Bag ekmek dabarasynda halkymyza görelde bolan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun!
Halylgeldi MYRATLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.