WELOSIPED SPORTY — SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ NUSGASY

21-12-25

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününi halkara derejesinde giňden belläp geçmeklik hem döwrebap däpleriň birine öwrüldi. Bütindünýä saglyk gününiň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen çäreler geçirilýär. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän uly ähmiýete eýeligi, beden taýdan taplanmaga ýardam berýänligi, ekologik howpsuzlygyny üpjün etmäge uly goşant goşýanlygy bilen watandaşlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. Şu nukdaýnazardan watandaşlarymyzyň durmuşynda aýratyn orun eýelär. 

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzda her ýylyň 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” giňden we dabaraly bellenilip geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary, umumadamzadyň eşretli we ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen teklipleri bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak baradaky Rezolýusiýany kabul etmegi ata Watanymyz Türkmenistanda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän ägirt uly işleriň ykrarnamasyna öwrüldi. Bu halkara derejeli ykrarnama Garaşsyz Diýarymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny has-da artdyrdy.

Uly üstünliklere, ösüşlere we şanly wakalara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Tutuş ýurdumyzy gurşap alýan uly, ählihalk sport baýramçylyklaryna bagtyýar raýatlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Sport bilen meşgullanyp, ruhubelentligini galdyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň gezelenç etmegi, saglygyny berkitmegi üçin welosporty ösdürmek baradaky aladalary ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň ruhubelent ýaşamagynda uly ähmiýet eýeledi.

Bütindünýä welosiped gününiň döredilmegi dünýäniň sport, jemgyýetçilik hem-de habarlar toparlarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerini, hususan-da, welosiped sportuny wagyz etmekde ata Watanymyzyň tejribesine, milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň eýeleýän ornuna, şeýle hem geçirilýän degişli çärelere gyzyklanmalaryny has-da artdyrdy.

Bu şanly sene mynasybetli dünýäniň dürli ýurtlarynda hem-de ata Watanymyz Türkmenistanda baýramçylyk dabaralarynyň guralmagy, oňa raýatlarymyzyň we daşary ýurtly wekilleriniň gatnaşmaklary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň goldanylmagynyň subutnamasy boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sporta ösüşiň, parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmagyň guraly hökmünde garalýar. Ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini giňden ulanýar. Türgenlerimiziň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanmaklary ýurdumyzyň halkara derejesinde sport abraýynyň artmagyny üpjün edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek ugrunda edilýän tagallalaryň netijesidir.

Ynsanperwerligiň, dostanalygyň belent nusgasyny öňe sürýän, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda dyngysyz alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Begenç AMANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.