DOWAMATA DOWAM WATAN

24-03-22

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe barýan günlerinde uly ruhubelentlige beslenip geçirilýän dabaralar halkymyzyň durmuşynda ykbal kesgitleýji pursatlara baýdygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň wezipesine girişmek dabarasynda milli däplerimize laýyklykda, kasam kabul etmegi täze döwrümiziň dowamata atarylýandygyny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň bu dabarada eden çykyşynda: «Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzy birligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn» diýip bellemegi demokratik däpleriň rowaçlanýan we pugtalandyrylýan ülkesinde her bir işde hemişe merdana halkymyza daýanylýandygyny ýene-de bir gezek äşgär etdi. Hormatly döwlet Baştutanymyzyň hemişe halkymyza bil baglap, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrjakdygy baradaky ynam ulus-ilimiziň köňül töründen orun aldy.

Ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen ähli halk saýlawlarynda sesleriň köplügini alan Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyldy. Dabarada ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidenti kasam kabul edip, maksatnamalaýyn çykyş etdi. Ýurdumyzy ösdürmegiň ähli ugurlarynda alnyp barylýan özgertmeleri ýene-de dowam etdirmek, bu babatda kabul edilen ýörite maksatnamanyň ugurlaryny durmuşa geçirmek bilen, döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrmak, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek baradaky belent maksatlar hemmeleriň kalbynda ýokary ruhubelentligi döretdi.

Peder göreldesiniň hem ýörelgesiniň döwlet Baştutanymyzyň baş maksady bolup durýandygyny aýan eden ajaýyp pursatlar döwlet bilen halkyň arasyndaky jebisligiň, bitewüligiň mundan beýläk hem berk häsiýete eýe boljakdygyny has-da aýdyňlaşdyrdy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ygtyýarlyklarynyň has-da kämilleşdiriljekdigi baradaky öňde goýlan maksat döwletimizde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatdaky ynsanperwer syýasatyň mundan beýläk hem ýokary derejede üpjün ediljek diginiň beýany boldy.

Ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa täze wezipesinde uly üstünlikleri arzuw edýäris. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, öňde goýan belent maksatlary rowaç bolsun!

Arslan HOJAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.