EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASY
06-01-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz ata Watanymyzyň täsin we gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämileşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berýär. Ekologiýa howpsuzlygy adamyň ýaşaýşy üçin möhüm ekologik bähbitleriniň, ilkinji nobatda, arassa we sagdyn ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşawa bolan hukugynyň goraglylygy, döwlet syýasatynyň bu wezipeleri çözmäge gönükdirilmegi, ykdysady, dolandyryş-guramaçylyk çäreleriniň amala aşyrylyşy ýaly ugurlary öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda: «Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, geljek nesillerimiz üçin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de olaryň biologik dürlüligini artdyrmak, tebigy serişdelerimizi netijeli we durnukly peýdalanmak, şeýle hem bereketli topragymyzy gülläp ösýän mekana öwürmek boýunça giň gerimli işler geçiriler» diýip, aýratyn nygtap geçdi.
Munuň özi ýurdumyzda arassa ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça amala aşyrylýan asylly işleriň ýokary derejede dowam etjekdiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň, şeýle-de Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022 — 2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň tassyklanylmagy ýurdumyzda daşky gurşawyň goragyny we amatly ekologiýa gurşawyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlerde anyk ädimler boldy.
Ösümlikleri goramagyň täze tassyklanylan Döwlet maksatnamasy «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, şeýle hem «Ösümlikleri goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ösümlikleri zyýankeşlerden, kesellerden hem-de haşal otlardan goramak maksady bilen kabul edildi.
Türkmen halky gadym döwürlerden bäri agaç ekmegi sogap iş hasaplaýar. Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işlere goşant goşmak her bir türkmenistanlynyň borjudyr. Diýarymyzda ekologiýa bilimine we terbiýä hem möhüm ähmiýet berilýär. Daşky gurşawy goramak babatda halkara gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Häzirki wagtda dünýä döwletleri BMG-niň howandarlygynda ýa-da ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda daşky gurşawy we tebigy baýlyklary goramak maksadynda hyzmatdaşlyk edýärler. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary şeýle hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan BMG-niň Ösüş we daşky gurşaw boýunça maksatnamalary, Tebigaty goramagyň halkara birleşigi (MSOP), Hazaryň ekologiýa maksatnamasy (KEP), Ählumumy ekologiýa gaznasy (GEF) we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlykda ekologiýa maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň onlarçasyny durmuşa geçirýär.
Garaşsyz Watanymyz tarapyndan halkara derejesinde wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça birnäçe teklipler öňe sürülýär. BMG-niň gazylyp alynýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumynda pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça çäreleri amala aşyrmaga niýetlenen BMG-niň Strategiýasyny işläp taýýarlamak, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda energetikada ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara «Ýol kartasyny» döretmek baradaky başlangyjy hödürlenildi. Munuň özi ýurdumyzyň bütin dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge örän jogapkärli çemeleşýändigine we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ekologiýa howpsuzlygynyň we amatly daşky gurşawyň ýokary derejede goralmagy ugrunda alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!
Gülsenem HANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň müdiri.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.