Özgerişiň we gözelligiň paýtagty
19-12-25
Hormatly Prezidentimiziň söýgüsinden, yhlasyndan, döredijilikli zehininden, binagärlik ukybyndan täze keşbe eýe bolýan Aşgabat dünýäniň nusgalyk şäherine öwrülýär. Binalary ak mermere, goýny goýry baglara, çarbaglary gül-çemene bürenen paýtagtymyzyň keşbinde päklik, goýnunda bagtyýarlyk orun tutup, gujagynda yşk, ýaşlyk, gujur-gaýratlylyk hem gözellik joş urýar. Bu gün türkmen halky Aşgabadyň nuranalyga, gözellige ýugrulan keşbinden ylham alýar.
Paýtagtyna bakyp, döwlete we onuň halkyna baha berilýär. Aşgabat — diňe gözelligi bilen ady äleme ýaýran şäher bolman, eýsem, özünde egsilmez ylhamy, çeper keşbi jemleýän täsin bir sazlaşyk, simfoniýa. Behişdi erem kimin owadan seýilgählerdäki asmana atygsaýan suw çüwdürimleri täsin tansy bilen ynsana rahatlyk, şähere bolsa gözellik eçilýär. Bu görnüşler sazlaşykly bitewülige öwrülip, deňsiz-taýsyz sungat eserini emele getirýär. Gijelerimizi bezeýän dürli öwüşginli yşyklar kalbymyza yşk paýlaýar. Baglarda saýraýan guşlaryň hoş owazlary, erkana ganat ýaýýan garlawaçlar, aýna ýaly ýollaryň ýakalarynyň, aýmançalarynyň çemenzarlygy kalplara mähir paýlaýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbini mundan beýläk-de özgertmek, ýaşaýyş-durmuş amatlyklaryny, paýtagtyň jemagat hojalygyny ösdürmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtyň giň möçberli mümkinçilikleriniň bardygyny nazara almak bilen, ýokary okuw mekdepleriniň edara binalarynyň, ýaşaýyş jaý we seýilgäh toplumlarynyň, söwda merkezleriniň we bazarlaryň, häzirki zaman ulag ýollarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy döwletiň ýokary gymmatlygy hökmünde adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň baş ugrudygynyň tassyknamasy bolup durýar.
Ak şäherimiz Aşgabady ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda senagat, ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygyny, ulag-kommunikasiýa ulgamyny, harytlaryň we hyzmatlaryň sarp ediş bazaryny, döwlete dahylsyz bölegiň kiçi we orta möçberli kärhanalaryny, durmuş ulgamyny we ýaşaýyş derejesini görkezmek bolar. Şu jähetden, Aşgabat şäheriniň dünýä derejesinde döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertlerini özünde jemleýän merkezleriň biridigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabadyň dünýäde ak mermerli binalaryň iň köpüsiniň bir ýere jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigini aýratyn bellemek gerek. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň nurana desgalarynyň ençemesi şeýle ykrarnama eýe boldy.
Häzirki wagtda Aşgabatda gurlup ulanylmaga berilýän desgalaryň sanynyň yzygiderli artmagynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygy bilen bir hatarda, ygtybarlylygyň, howpsuzlygyň we bezeg aýratynlygy bilen tapawutlanýan ýokary amatlykly innowasion gurluşyk senagatyny görmek bolýar. Paýtagtymyzyň keşbinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, türkmen halkynyň baý taryhy we medeni däp-dessurlary öz beýanyny tapýar. Şäheriň taryhy merkezlerine aýawly çemeleşmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Paýtagtyň has irki döwürleriniň şaýady bolan binalardyr ýadygärlikler halkymyz üçin bahasyz gymmatlyklardyr, taryhymyzyň parçalarydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda belleýşi ýaly, Aşgabat bu gün eşretli durmuşyň berkarar edilen belent derejesini, gurmagyň we döretmegiň kämil gurşawyny, onuň çuň many-mazmunyny äşgär edip, ösüşleriň täze belentliklerine çykýar.
Döwlet Baştutany hökmünde ählihalk tarapyndan saýlanan gününden başlap, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy düýpgöter özgertmek, döwrebaplaşdyrmak we oňyn özgertmeleri amala aşyrmak baradaky strategiýany öňe sürdi, şol özgertmeler tutuş türkmen topragyny gurşap almak bilen, olar Aşgabadyň täze keşbinde hem öz beýanyny tapýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Berkarar döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Alma ANNABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.