SAGDYN JEMGYÝET — BERKARAR DÖWLET
19-12-25
Adamyň saglygy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Döwletimiz tarapyndan raýatlarymyzyň saglygy barada uly alada edilýär. Sagdyn durmuş, sagdyn ýaşamak şahsyýete öz mümkinçiliklerini, ylym, medeniýet, bilim, sport ulgamlarynda we durmuşyň ähli ugurlarynda döredijilik ukyplaryny ýokary derejede we hemmetaraplaýyn açmaga şert döredýän berk binýatdyr. Durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetýän, hemmetaraplaýyn ösen, häzirki zaman döwlet geljege ynam bilen garaýan, sagdyn adamlaryň döwletidir.
Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, lukmançylyk edaralaryndan başga-da, şypahana, hem-de sport ulgamyny, syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny öz içine alýan döwrebap saglyk düzümini ösdürmek babatda edilýän işleriň ählisi raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport sagaldyş hereketi hem sagdyn durmuş ýörelgesiniň täze tarapdarlaryny öz hataryna işjeň çekýär. Ýurdumyzda “Il saglygy — ýurt baýlygy” atly şygar bilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri geçirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda sport diňe bir onlarça müň adamyň endigi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol halkyň durmuş ýörelgesidir.
Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sport ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýelemekden ybaratdyr. Bu syýasatyň üstünligi hem-de aýdyň netijeleri ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketiniň döwletiň we halkymyzyň tagallalarynyň sazlaşykly utgaşmagynda möhüm orun eýeleýändigini aýdyňlyk bilen görkezýär. Halkymyz sagdynlygyň hem-de ony pugtalandyrmakda sportuň bahasyna ýetip bolmajak gymmatyna aýdyň göz ýetirýär.
Ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen giň gerimli dabaralaryň çäginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda durmuşa geçirilen ägirt uly işleri anyk delilleriň, statistiki maglumatlaryň üsti bilen täsirli beýan edýän 22 sany bölümden ybaratdyr. Täze kitap «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Saglygy goraýyş ulgamynyň guramaçylygy we dolandyrylyşy» atly bölümler bilen açylýar. Onda täze döwrümiziň döredijilik kuwwatynyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň lukmançylyk desgalaryna aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. «Keselleriň öňüni almak — sagdyn durmuşyň esasy», «Sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek», «Döwrebap bejeriş-öňüni alyş usullary», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak» atly bölümlerde öňüni alyş çäreleriniň oňyn netijeleri barada giňişleýin maglumat berilýär. «Saglygy goraýyş ulgamynyň kämil maddy-tehniki binýady», «Saglygy goraýşyň maliýe üpjünçiligi» atly bölümlerde ulgamy özgertmek boýunça durmuşa geçirilen işler öz beýanyny tapýar. «Sagdyn ene — sagdyn nesil» atly bölümde eneleriň» we çagalaryň saglygyny goramak babatda alnyp barlan işler, «Hassahana bejergisi» atly bölümde bolsa döwrebap enjamlaryň adamyň saglygyny goramakdaky ähmiýeti barada söhbet edilýär.
Täze kitapda milli saglygy goraýyş ulgamynyň kardiologiýa, pulmonologiýa, onkologiýa, endokrinologiýa gulluklarynyň ösüşine aýratyn bölümler bagyşlanypdyr. «Derman senagatynda ösüşler, «Ilatyň derman serişdeleri bilen üpjünçiligi» atly bölümlerde degişli ugurda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler beýan edilýär. «Melhemli şypahanalar» atly bölümde ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň mümkinçilikleri barada durlup geçilýär. Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesiniň hem-de ulgamyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilişine-de ýörite bölümler bagyşlanypdyr. «Saglygy goraýyşda sanly ulgam» atly bölümde bolsa sanly lukmançylygy ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenilýär. Täze eser «Saglygy goramak döwletiň baş wezipesidir» atly bölüm bilen jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň eseri türkmen, iňlis we rus dillerinde giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlarymyzyň saglygyna we beden taýdan kämilligine aýawly garamak wezipesi täze mazmuna eýe boldy. Halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Alma ANNABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.