BERKARAR DÖWLETIMIZDE GOŞA MUKADDESLIGIŇ TOÝY

21-05-22

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda watandaşlarymyzyň syýasy, jemgyýetçilik-ykdysady, şahsy hukuklary kanuny esasda berkidilýär. Hut şonuň üçin-de Döwlet baýdagymyz bilen döwletliligiň esasy ýörelgesi hem-de alamaty bolan Baş Kanunymyzyň kabul edilen günüň baýramynyň bir günde bellenilmegi-de uly many-mazmuna eýedir. Konstitusiýa döwlet garaşsyzlygynyň jarnamasy, raýat bagtyýarlygynyň ykrarnamasy bolup çykyş edýän esasy kanundyr. Konstitusiýa döwletiň hukuk esaslaryny düzüp, onda ýurduň içeri we daşary syýasatynyň özeni, mazmuny jemlenendir. Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň özenini düzýän “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge Baş Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Biziň Konstitusiýamyz adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny doly üpjün edip, ynsan mertebesini belende göterýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ýaşyl Baýdagymyz täze mukaddeslik we täze beýiklik derejesine göterilip, köňlümize buýsanç, kalbymyza mähir çaýýar. Ýaşyl Baýdagymyzda ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik, agzybirlik ýaly milli aýratynlyklarymyz öz aýdyň beýanyny tapandyr. Onda döwlet berkararlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, asudalygymyz, erkinligimiz ýaly milli alamatlarymyz jemlenendir. Hut şu aýratynlyklary we alamatlary özünde jemleýändigi üçin-de döwlet Baýdagymyz biziň her birimiz üçin gymmatlydyr, mukaddesdir. Aziýanyň merjen şäherine öwrülen gözel Aşgabadymyzda Ginnesiň Rekordlar kitabyna dünýäde iň belent Tug hökmünde girizilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagy halkymyzyň ýaşyl Tuguna belent sarpasynyň aýdyň nyşany bolup pasyrdap dur. Onuň erkana pasyrdysy barlygyň, bakylygyň, döwletliligiň, dowamat dowamatlylygyň, baky parahatlygyň ajaýyp sazy bolup ýaňlanýar. Bu ajaýyp saz biziň billerimize kuwwat, gollarymyza gujur berip, tutanýerli, döredijilikli zähmet çekmäge, täze-täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar.

Döwlet Baýdagymyz Türkmenistan döwletiniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda ýöredýän ynsanperwerlik, parahatçylyk, asudalyk ýörelgelerini bütin dünýä wagyz edýär. Döwlet Baýdagymyz dünýäde parahatçylygy goraýjy we ýaýradyjy hökmünde tanalýan türkmen döwletiniň berkararlyk ýörelgelerini dünýä ýaýýar, goja Zeminiň halklaryny dostluga, doganlyga, agzybirlige çagyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýaşyl Tugy bilen dünýä tanalan türkmen döwleti Arkadagly Serdarymyzyň paýhasy bilen dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürüp, Ýer ýüzündäki döwletler we halklar bilen dostlukly, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar.

Goý, bagtyýarlygyň, abadançylygyň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň nyşany bolan ýaşyl Baýdagymyz döwletliligiň, erkinligiň, bakylygyň, parahatçylygyň güwäsi bolup, asuda asmanymyzda baky parlasyn!

Baýrammyrat ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.