GAHRYMANLARA BAKY ŞÖHRAT!
24-04-25
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyzyň medeniýetine, edim-gylymyna, däp-dessuryna, milli mirasyna uly üns berilýär. Gadymy medeniýetimiziň maddy hem-de ruhy miraslaryna, ata-babalarymyzyň Watan üçin görkezen edermenliklerine uly hormat goýlup, olaryň sarpasy belentden tutulýar.
80 ýyl mundan ozal 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişde biziň watandaşlarymyzyň orny uludyr. Halkymyzyň uludan kiçä ähli raýaty Watan üçin eline ýarag alyp, tylda zähmet çekip ganym duşmanyň garşysyna söweşdi. Ýylyň ähli paslynda sowuk diýmän, yssy diýmän mertlerçe söweşip, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Olaryň hemmesi Watanyň milli gahrymanlary adyna mynasyp boldular. Şol gazaply urşuň tamamlananyna ençeme ýyllar geçse-de, onuň ýüreklere salan ýarasy henizem bitenok. Watanyň azatlygy ugrunda edermenligiň belent nusgasyny görkezen gerçekler häzirki ýaş nesillerimiz üçin watansöýüjiligiň belent mekdebi bolup durýarlar.
Urşuň yzynda galan enelerimiziň, esasan hem durmuş toýuny tutanlaryna bir aý geçmänkä, ýanýoldaşlaryny urşa ugradyp, ömrüni ýalňyzlykda, söwer ýaryna garaşyp, zähmet çekip gününi geçiren perişde ýaly ak saçly enelerimiziň gürrüňlerini diňläniňde olara bolan buýsanjyň, hormatyň artýar. Türkmen eneleri uly mertlik görkezdiler. Ýanýoldaşlaryny fronta ugradyp, uruş ýyllarynyň kynçylyklaryny görüp, käte erkek adamlary-da aljyradýan ýüki gerdenlerinde çekip ejizlemändirler. Şeýdip olar mähriban ojagyny gorapdyrlar. Olar wepalylygyň beýik nusgasydyrlar. Gazaply urşuň ýeňiş bilen tamamlanjakdygyna bolsa berk ynanypdyrlar. Başgaça bolmagy mümkin hem däldi. Sebäbi Watan diýip, döş gerip söweşe ugran ezizleriniň gara başlaryny aýamajakdyklaryny, ýeňişsiz yzlaryna dolanmajakdyklaryny bilýärdiler. Şol ynam olara güýç-kuwwat berýärdi. Olar tapdan düşseler-de, ruhdan düşmändiler.
Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watan üçin şol kyn günlerde mertlerçe duran merdanalarymyzyň hatyrasy has belentdir. Hormatly Prezidentimiz 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň edermenliklerine uly hormat-sarpa goýmak bilen, olara döwlet tarapyndan durmuş ýeňillikleriniň üpjün edilmegi barada yzygiderli alada edýär. Muňa uruş weteranlaryna jemgyýetçiligiň ähli ugurlarynda birnäçe ýeňillikleriň döredilendigi, her ýyl pensiýa haklarynyň köpeldilmegi, Ýeňiş güni mynasybetli gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy aýdyň subutnamadyr.
Biziň muzeýlerimizde, kitaphanalarymyzda uruş weteranlarymyzyň, ýagny Watan üçin söweşip wepat bolup, ýat ülkelerde galan gerçeklerimiziň atlary ýazylan “Şöhrat” we “Hatyra” atly kitaplarda olaryň geçen şöhratly, gahrymançylykly ýollary beýan edilýär. Bu ebedilik watansöýüjiligiň beýik nusgalary bolan gerçeklerimiziň mertebesini has-da belende galdyrýar.
Adamzat nesliniň ajaýyp durmuşda ýaşamagy üçin döş gerip, gahrymanlarça söweşen merdana weteranlarymyzyň hem-de şol ýyllaryň ähli kynçylyklaryna döz gelip, tylda galyp, jan aýaman zähmet çeken ildeşlerimiziň edermenligine bu günki gün hormat-sarpa goýulýar. Türkmen halkymyz gahrymanlarça söweşip Watan üçin janyny orta goýan gerçeklerini hiç haçan unutmaýar. Gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip, ajaýyp, asuda durmuş üçin söweşen weteranlarymyz baky diridirler. Ýeňiş gününde gahrymanlaryň hatyrasyna “Baky ot” ýadygärligine gül desselerini goýmak, olaryň ruhlaryny şat edip sadaka bermek biziň perzentlik borjumyzdyr.
Şeýle ajaýyp zamanany halkymyza peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.