MERDANALYGYŇ MEKDEBI
30-04-25
9-njy maý – bu arzyly sene. Dünýä taryhynda aýratyn orun tutýan şanly sene — 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramy. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar. Şoňa görä-de, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Beýik Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriň gerimi giňäp, erkana Watanymyzyň çar künjegini şatlyk-şowhuna besleýär.
Hoşniýetlilik, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli aýratynlyklary we häsiýetleridir. Dünýä taryhyna örän pajygaly döwür hökmünde giren 1941 — 1945-nji ýyllarda hem halkymyzyň bu mukaddes ýörelgelerine berk eýeren türkmenistanly gerçekler — merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, aldym-berdimli söweşlerde edermenligiň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de geljekki nesilleriň çuň hormatyna we söýgüsine mynasyp boldular.
Uruş ýyllarynda Türkmenistan frontuň ygtybarly daýanç merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň ähli ilaty beýik ynam duýgulary bilen tutanýerli, gaýratly zähmet çekip, bol bugdaý we pagta hasylyny ýygnap, şanly Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşdular. Müňýyllyklaryň dowamynda watansöýüji, namys-arly, öýüň ojagyny öçürmän saklaýan asylly maşgalalar hökmünde özlerini dünýä tanadan enelerimiz, gelin-gyzlarymyz Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny meýletinlik bilen tabşyryp, adamkärçiligiň, ynsanperwerligiň beýik nusgasyny görkezdiler.
Wagt nusgalyk söweş hem-de durmuş ýoluny geçen watandaşlarymyzyň gazaply uruş ýyllarynda gören güzaplary, jebir-jepalary, urşuň olara ýetiren uly zyýany hiç wagt unudylmaýar. Batyrlygyň, edermenligiň beýik nusgasyny görkezen gahrymanlar kalbymyzda baky ýaşaýar. Şoňa görä-de, azat-erkana durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde mertligiň, gaýduwsyzlygyň, ýanbermezligiň belent nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzy, gije-gündiz zähmet çekip, beýik Ýeňşi gazanmaga ägirt uly goşant goşan watandaşlarymyzy uly hormat bilen ýatlaýarys. Ýeňiş gününi bagtyýar nesillerde adamzadyň iň gowy, iň ajaýyp gaýduwsyzlyk, edermenlik, ynsanperwerlik ýaly gözel häsiýetlerini terbiýeleýän baýram hökmünde aýratyn dabaralar bilen belläp geçýäris.
Parahatçylygy goldaýjy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün ediji döwlete öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlik toplumynda, ähli şäherdir obalarymyzdaky ýadygärliklerde gazaply uruşda deňsiz-taýsyz edermenlik we gahrymançylyk görkezen watandaşlarymyzy hormatlamak dabaralaryny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda geçirmek arkaly mähriban halkymyzyň ynsanperwerligini, agzybirligini hem-de jebisligini dünýä ýaýýarys
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ene-ata sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, lebzi halal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmagy wagyz edýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşulularymyz biziň buýsanjymyzdyr.
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.