SANLY YKDYSADYÝETE YNAMLY GADAMLAR
30-09-25
Sanly özgertmeleriň dünýäde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ykdysadyýeti kemala getirmek gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmaga, ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Durmuşa geçirilýän sanly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, bu ulgam bilen bagly kanunçylyk binýady berkidilýär, möhüm resminamalar yzygiderli kabul edilýär we durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýet örän çylşyrymly we ähli zady öz içine alýan gural hökmünde her bir adamyň durmuşyna gatnaşýar. Ol önümçiligi we sarp edişi, seýle hem şunuň bilen baglylykda kesgitlenen haryda ýa-da hyzmata bolan islegiň we teklibiň emele gelmegini özünde jemleýär.
Sanly ykdysadyýet düşünjesi giňden ulanylýar we soňky döwürde bilermenler tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýan ugra öwrüldi. Munuň esasy sebäbini köp ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmak netijesinde uly öňegidişlikleri gazanmagy başarandyklary bilen düşündirip bolar. Sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklar ulgamyna sanly ykdysadyýet diýilýär. Ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga şert döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzyň bähbidine we döwletimiziň gülläp ösmeginiň hatyrasyna gönükdirilendir. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň mazmunyna, onuň ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmakdaky ornuna, şeýle-de dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Ykdysadyýetiň bu görnüşine geçmegiň zerurlygyna dogry düşünilmeginiň özi öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär.
Sanly gurşawda harytlaryň we hyzmatlaryň ählumumy bazarlara dessin çykmak we dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli bolmak mümkinçiligi artýar. Harytlaryň we hyzmatlaryň göni aragatnaşyk ulgamynda (online) hödürlenilmegi olaryň elýeterliligini hem ýokarlandyrýar. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet tizlik, ýokary hil we amatlylyk babatynda has netijeli we köptaraplaýyn ähmiýete eýe bolýar.
Şeýle-de, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň durmuş şertleriniň özgerdilmegine, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny, esasan, iki maksada gönükdirilýär.
Birinjisi, täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginden, şol sanda önümçilik serişdeleriniň hasabatlylygynyň ygtybarlylygyny we senagat derejesinde internet ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýanyň hukuk goraglylygyny üpjün etmekden ybarat. Ikinjisi bolsa, önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir. Sanly ykdysadyýet durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady ösüşi emele getirýär. Şunda, esasan, zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi we bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler göz önünde tutulýar.
Maglumatlary alyşmagyň elektron ulgamlaryny (internet) we olaryň elýeterliligini, kanunçylyk binýadyny sanly ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegi hökmünde görkezmek bolar. Sanly ykdysadyýet harajatlary peseltmäge, bazardaky üýtgeşmelere az wagtda uýgunlaşmaga hem-de ýokary çeýeligi üpjün etmäge ýardam berýär. Sanly ykdysadyýet maglumatlaryň we tehnologiýalaryň ähli ýerde, hemme wagtda elýeterliligine daýanýar. Ýurdumyzda bazar şertlerinde özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryna giň ýol açmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň derejesini ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Selbi AZIZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.