GÖZELLIGIŇ WE RYSGALYŇ TOÝY
26-03-22
Nowruz halkymyzyň naýbaşy baýramlarynyň biridir. Onuň irki däp-dessurlary halkymyzyň gündelik durmuşynda we kalbynda, hakydasynda ýaşap gelýär. Tebigata janlanyş, ynsan köňüllerine galkynyş bagyş edýän Nowruzy ata-babalarymyz täze ýylyň başlanmagy hökmünde baýram edipdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parasatly ata-babalarymyzyň çuň pelsepelerinden, garaýyşlaryndan gözbaş alyp, asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy durmuşynda aýratyn möhüm orny eýeleýän Nowruz däpleri täze mazmuna, täze ruhy öwüşginlere eýe bolýar.
Bu günki gün umumadamzat medeniýetiniň dürdäne baýlygyna öwrülen Nowruz baýramynda ekerançylyk işlerine badalga bermek, halk döredijilik eserlerini, halk oýunlaryny ýerine ýetirmek, myhmansöýer halkymyzyň kalby ýaly bereketli toý saçagynyň bezegi bolan toý tagamlaryny taýýarlap, hödür-kerem etmek we beýleki milli ýörelgeler giňden dabaralanýar .
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz hem il-ýurt ähmiýetli şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Şu günler baglar gülläp, baýyrlar gök dona bürenýär, tebigat ajap keşbe girýär. Daýhan uly umyt bilen ýere tohum taşladylar. Ýurdumyzda Nowruz baýramy gadymdan bäri giňden bellenip gelinýär. Nowruzda gije-gündiziň deňleşýändigini ata-babalarymyz irki döwürlerde anyklapdyrlar. Bu sene BMG-niň ýörite Rezolýusiýasy bilen Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Baharyň gelmegi bilen, joşgunly zähmetiň, döredijilikli işleriň möwsümi başlanýar.
Asyrlaryň çuňlugyndan gözbaş alyp gaýdýan «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz», «Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir», «Nowruz gelse buz durmaz» ýaly pähimler her günüň, her paslyň özüne laýyk alamatyny kesgitleýär. Bahar baýramynda gelin-gyzlar üýşüp läle kakypdyrlar, aýdyşyklary aýdypdyrlar, monjugatdy oýnapdyrlar. Ýetginjekler at çapyp, göreş tutupdyrlar. Uly-kiçi hemmeler biri-birine gowy arzuwlary edipdirler. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ýurdumyzda iň bir dabaraly bellenilýän baýramlaryň biridir. Ol gözelligiň, joşgunly ýaşaýşyň, ynsanperwerligiň hem-de zähmetsöýerligiň baýramydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda toý-baýramlarymyzy uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda bellenilip geçilen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni hem munuň şeýledigini ýene-de bir ýola äleme äşgär etdi.
Goý, berkarar Diýarymyzy bagy-bossanlygyň, gülzarlygyň Watanyna öwürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Baýhan PIRGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalara bagyşlanyp, her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir raýatyň Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere dahylly bolup, oňa öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.