Ýaşlaryň bilimli we kämil bolmagy uly güýçdür
17-12-25
Ösen jemgyýetimiziň işjeň güýjüne öwrülen türkmen ýaşlarynyň kämil bilimli we medeniýetli bolup ösüp ýetişmekleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny alyp barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýen sözleri bolsa biziň ganatly kalbymyzy göge göterýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda döwlet tarapyndan ýaşlara goldaw bermegiň anyk ugurlary ýola goýuldy. Bu ugurda geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ýaş maşgalalar üçin elýeterli nyrhlardan ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Medeni zolakdan uzak ýerlere işe iberilýän maşgalaly hünärmenler ýaşaýyş jaýlar bilen üpjün edilýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde sazlaşykly we maksadalaýyk amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň düzüminde ýaşlaryň meseleleri bilen meşgullanýan bölüm hereket edýär. Türkmenistanyň Mejlisinde bu ugurda ýörite komitet iş alyp barýar. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýaşlaryň arasynda jemgyýetçilik işini durmuşa geçirmegi hem-de bu babatda halkara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli alnyp barylmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň dürli derejedäki okuw mekdeplerinde guralýan sapaklar we jemgyýetçilik işleri arkaly ýaşlaryň raýatlyk medeniýetini kemala getirmek boýunça oňyn tejribe toplandy. Ýurduň ýaş raýatlarynyň bilimliliginiň derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak wezipesiniň wajyplygynyň artýandygyny bellemek gerek. Olaryň dürli pudaklara innowasion taslamalary we tehnologiýalary ornaşdyrmaga, düýbünden täze bilimleri we pikirleri özleşdirmäge has uýgunlaşan derejede, döredijilik güýçlerine we başlangyçlaryna eýe bolmagy üçin döwlet möhüm şertleri döredýär. Bilim bermegiň we hünär öwretmegiň milli ýollary bilen kämil medeniýetli nesli kemala getirýäris.
Durmuşa, öz-özüňe, jemgyýetiň öňündäki borjuňa jogapkärçiligi terbiýelemek ösen ahlak duýgusynyň ölçegi hasaplanylýar. Raýatyň jogapkärçiligi, jemgyýete we öz-özüne bolan gatnaşygy, akyl ýetirilen hajatlar we nusgalar, hukuk we ahlak kadalary, jemgyýetçilik artykmaçlyklary we demokratik gymmatlyklar adamyň durmuşda özüni alyp barşynyň ugruny kesgitleýär. Hut şu nukdaýnazardan nesilleriň döwrümize we döwletimize mynasyp şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli amatly şertler we zerur bolan mümkinçilikler döredildi. Bu tagallalar bolsa hakyky manysynda oňat netijelerini berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň bilim syýasaty şahsyýetiň ruhy-ahlak ösüşine, watançylyk we ahlak-etiki häsiýetleriniň kemala gelmegine ýardam edýär. Türkmen ýaşlarynda umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýmagy kemala getirsek, olaryň durnukly ösüşine kuwwatly itergi bereris. Terbiýeçilik işiniň özeni ýaşlarda ahlak medeniýetini kemala getirmäge gönükdirilendir. Häzirki döwürde bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen okuw işlerinde halkara tejribesi we ylmyň häzirki zaman gazananlary ulanylýar. Okuwlaryň mazmuny medeniýetde, ykdysadyýetde, ylymda, tehnikada we ýokary tehnologiýalarda gazanylýan üstünlikler bilen baýlaşdyrylýar.
Watana söýgi, raýatlyk borjuňa wepalylyk, ahlak-etiki gymmatlyklara hormat goýmak, milli mirasyňy sarpalamak, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak ýaşlaryň geljege bolan ynamyny artdyrýar. Onuň esasynda bolsa Watan gülleýär, Watanyň ertirki kuwwaty has-da ýokarlanýar. Öz ata ýurduňy bilimiň, döredijiligiň, zähmetiň bilen kuwwatlandyrmak ýokary borçdur. Watançylygyň çuň kökleri biziň jemgyýetçilik gurluşymyzda jemlenendir. Munuň özi milli ýörelgelerimizde, ynsanperwer gatnaşyklarymyzda adamlara we ata Watana gulluk etmekde ýüze çykýar.
Şu ýerde ösüp gelýän ýaş nesli milli däp-dessurlara, umumadamzat medeni gymmatlyklaryna sarpa goýmak ruhunda terbiýelemäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, dürli ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly, döredijilik we ruhy gatnaşyklaryň berkemegine Türkmenistanda geçirilýän köp sanly çagalar we ýaşlar bäsleşikleriniň, halkara maslahatlarynyň, folklor festiwallarynyň ýardam edýändigini belläp geçmek gerek. Bu çäreler türkmen ýaşlarynyň medeni ulgamda ornuny açyp görkezmek bilen, olaryň döredijilik derejesini hem aýdyň äşgär edýär. Munuň özi dünýäniň döwrebap medeniýetini milli ruhda özleşdirmekde we türkmen ýaşlarynyň dünýägaraýşyny özgertmekde möhümdir.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu aýdylanlar ýaşlar baradaky aladanyň döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň esasy ugurlaryny görkezýär. Eziz Watanymyzy gülledip ösdürmek üçin gije-gündiz tagalla edýän, ylym-bilim we innowasiýalar älemine giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Merjen DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.