Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy bilim ulgamynda
02-02-24
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan ýylynda ýurdumyzyň her bir güni uly ösüşlere, özgerişliklere beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen geçirilýän Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen baglylykda, dostlukly Ýaponiýa bilen özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy, 2013-nji, 2015-nji we 2019-njy ýyllarda Ýaponiýa amala aşyran resmi iş saparlary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda uly ähmiýetli wakalar boldy. 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe resmi sapar bilen ýurdumyzda boldy. Bu saparlaryň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen 1992- nji ýylyň 22-nji aprelinde diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. 2013-nji ýylyň maý aýynda Ýaponiýada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy. 2014-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda parlamentara dostluk topary döredildi. Türkmen- ýapon gatnaşyklary ähli ugurlarda netijeli ösdürilýär. Syýasy ugry ele alanymyzda, bu babatda iki ýurduň ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda amala aşyrylan ýokary derejedäki saparlar iki ýurduň syýasy binýadyny barha pugtalandyrdy.
Ýurdumyz bilen Ýaponiýanyň arasynda ynsanperwer ulgamy, şol sanda ylym-bilim ulgamynda, medeniýet hem sungat, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegini düzýär. Türkmenistan Ýaponiýa ylym-tehnologik ulgamda hem möhüm hem-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, innowasion serişdeleri döretmekde, nou-haulary ulanmakda, dürli ulgamlarda döwrebap dolandyryş çözgütlerini işläp taýýarlamakda we ornaşdyrmakda ýapon tejribesini almaga çalşylýar. Şu maksatlar bilen, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti döredildi.
Bu ýokary okuw mekdebinde okuwyň birinji ýylynda iňlis we ýapon dillerini çuňňur öwrenmek boýunça sapaklar geçirilýär. Soňky ýyllarda sapaklar diňe şu dillerde geçirilýär. Ylmyň ýöriteleşdirilen ugurlaryny seçip alan zehinli talyplar bolsa, okuwyny Ýaponiýanyň uniwersitetlerinde dowam edýärler. Her ýyl uniwersitetimiziň mugallymlarydyr talyplarynyň birnäçesi dürli maksatnamalaryň çäginde bilimini kämilleşdirmek üçin Ýaponiýa ugradylýar.
Ýapon dili, munuň özi ykdysadyýetde bolşy ýaly, bilim ugry boýunça-da Türkmenistanyň hem-de ýokary tehnologiýalar babatda hemişe öňdebaryjy bolan Günüň dogýan ýurdunyň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň meýilnamasy bilen şertlenendir. Hormatly Prezidentimiz şol hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Ýapon dilini öwrenmek beýlekilere elýeterli bolmadyk maglumatlaryň ägirt uly giňişligine ýol açýar. ABŞ-dan soň, Ýaponiýa iri kompaniýalaryň sany boýunça ikinji orny eýeleýär. Mundan başga-da, Internetde ýapon dili iňlis we hytaý dillerinden soň iň meşhurlarynyň biridir.
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hünärleriň hem-de okuw dersleriniň ýurdumyz üçin täze dili göz öňünde tutulyp, bu ugurlar boýunça okatmaga meşhur ýapon professorlary we alymlary çagyrylýar. Ýokary okuw mekdebinde Ýaponiýa tarapyndan guramaçylyk işlerini Sukuba şäheriniň uniwersiteti öz üstüne aldy. Ýeri gelende aýtsak uniwersitetimizde ýapon dilini diňe bir okuw sapaklarynda däl, ondan daşary boş wagtlarymyzda hem çuňňur öwrenmek üçin “Goşmaça we üznüksiz bilim” okuw merkezi hereket edýär. Bu ýerde Ýaponiýanyň abraýly ýokary okuw jaýlarynda bilim alan we bilimini kämilleşdiren mugallymlar diňleýjilere ýapon dilini öwredýärler.
Uniwersitetiň ýanynda umumybilim berýän orta mekdep hem açyldy. Onuň maksatnamasyna daşary ýurt dili hökmünde ýapon dili hem girizildi. Şeýle mekdepler ýurdumyzyň welaýatlarynda-da açyldy. 2016-njy ýyldan başlap, ýapon dili ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 12-sinde hem-de ýokary okuw mekdepleriniň 5-sinde okadylýar.Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ylym-bilim ugrundaky gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär. Häzirki wagtda türkmenistanly ýaşlara ýapon dilini öwretmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Has dogrusy, geçen ýylyň 4-11-nji noýabry aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen Sakura ylmy alyş-çalyş maksatnamasyna Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Oguz han adyndaky Inžener- tehnologiýalar uniwersiteti Sukuba uniwersiteti bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirýär.
Bu maksatnamanyň işine gatnaşan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow 2023-nji ýylyň Türkmenistanda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilendigi we halkara derejesinde geçirilýän ýaşlar çäreleriniň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigi barada belledi.
Şeýlelikde, strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, geljegi nazarlaýan netijeli türkmen-ýapon işewürlik gatnaşyklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin ähli şertler we ygtybarly binýat döredildi. Adamyň döwletiň we jemgyýetiň esasy baýlygy hökmünde kesgitlenen ýurdumyzda ýaş nesiller döwletiň genji-hazynasy hasaplanýar. Olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi ugrunda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Leýla BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
Ýolbaşçy Gülbahar REJEBOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.