Garaşsyz Watanymyzyň ylym-bilim ulgamy
08-10-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri milli ylmyň hem ösdürilýän ajaýyp zamanasyna öwrüldi. Bu döwürde türkmen ylmynyň has-da kämilleşdirilmegi, ylym ulgamyna sanly serişdeleriň işjeň ornaşdyrylmagy, ylmy barlaglaryň, gözlegleriň, taslamalaryň netijeli amala aşyrylmagy, türkmen alymlarynyň halkara giňişliginde uly gyzyklanma eýe bolýan ylmy işleriniň sanynyň artmagy, hususan-da, ýaş alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.
Türkmen ýaşlarynyň netijeli ylmy işleri alyp barmaklary üçin döwlet tarapyndan uly mümkinçilikler we şertler döredilýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Döredijilik hyjuwyndan doly zehinli ýaşlaryň ylma gelmegini üpjün etmek, Watanyny jany-teni bilen söýýän, başarnykly, giň gözýetimli ylmy işgärleriň we hünärmenleriň sanyny düýpli artdyrmak döwrümiziň öňe sürýän iň derwaýys wezipeleriniň biridir» diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş alymlary goldamak, olary ylmy açyşlara höweslendirmek bilen bagly döredýän mümkinçilikleri ýurdumyzyň ylmy-tehniki we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda, ylmy-önümçilik merkezlerinde ýaş alymlar wajyp ugurlar boýunça ylmy-barlag, gözleg-taslama işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Bu işde sanlylaşdyrylan serişdelerden giňden peýdalanylýar. Olar arkaly ýaşlar alan bilimlerini we ylmy başlangyçlaryny düýpli özleşdirip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine gönükdirilen taslamalary işläp düzýärler we önümçilige ornaşdyrýarlar.
Her ýylda ýaş alymlaryň alyp baran ylmy işleriniň netijelerini ýüze çykarmak, jemgyýetçilik durmuşynda peýdalanmak, önümçilige ornaşdyrmak we olaryň yhlasly zähmetini höweslendirmek maksady bilen, ylmy işler boýunça bäsleşikleriň, ylmy taslamalaryň sergileriniň geçirilmegi hem uly ähmiýete eýedir. Munuň özi beýik akyldarlaryň, dünýä ady dolan alymlaryň, ylmyň hem ösen medeniýetiň ojagy bolan Watanymyzda ýaş alymlaryň täze nesliniň kämilleşýändigini, olaryň asylly maksatly, netijeli çözgütli işleriniň öňe ilerleýändigini, ylmy gadamlarynyň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alan kanuny we hukuk binýady berk bolan milli ylmyň ösdürilmeginiň çäklerinde ýaş alymlaryň sanynyň artmagy, olaryň oýlap tapyşlarynyň, ylmy seljermeleriniň internet arkaly geçirilýän halkara bäsleşiklerinde netijeli görkezijilere eýe bolmagy bellenilmäge mynasypdyr. Ýaş alymlaryň halkara ylym giňişliginde mynasyp orunlaryny tapmaklary we dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine işjeň goşulyşmaklary bolsa ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň höweslerini has-da artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilimi ösdürmek bilen bagly alyp barýan döwletli syýasaty netijesinde talyplaryň, aspirantlaryň, ýaş alymlaryň we professor-mugallymlaryň toplumlaýyn ylmy barlaglaryny geçirmegi üçin ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda sanly tehnologiýa we innowasiýa merkezlerini döretmäge, täze tejribehanalarda önümçilik synaglaryny geçirmäge ýokary ähmiýet berilýär. Şeýle-de, ylym-bilim we ýaşlar syýasaty boýunça kabul edilýän täze döwlet Maksatnamalarynda şunuň bilen bagly wezipeleriň wajypdygy bellenilýär. Munuň şeýledigini «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynyň» mysalynda hem görmek bolýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş alymlara ak ýollary açýan we beýik işleri bilen türkmen ylmyny dünýä derejesine çykarýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Serdar ÖWÜLÝÄKULYÝEW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa ulaglaryň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.