Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary
04-11-25
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz maksatnamasynda: «Türkmenistan ýaş nesillere aýratyn üns berilýän ýurtdur. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir. Bu nesil eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr» diýmek bilen, ýaşlaryň jemgyýetiň iň işjeň bölegidigini, şol işjeňligi ýurdumyzy ösdürmek baradaky beýik işlere gönükdirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtapdy. Döwlet Baştutanymyzyň bu sözleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň wakalarynyň mysalynda aýdyň hakykata öwrüldi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilip, şondan bäri beden we ruhy-ahlak taýdan sagdyn, zähmetsöýer, ukyply, Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde netijeli işleri alyp barýar. Gurama 34 ýyl bäri agzalaryny bir ýere jemläp, olaryň güýjüni hem-de ukyplaryny, bilimini, dünýägaraýşyny, Garaşsyz Watanymyzy ösdürmäge gönükdirmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär. Ýaşlar guramasynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen nobatdaky gurultaýynda-da ýaşlar syýasatynyň meseleleriniň toplumy, täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň ýaş nesilleriň öňünde goýan häzirki we geljekki wezipelerini çözmegiň ýollary barada giňişleýin pikir alşyldy. Oňa gatnaşyjylar «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini we döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýaşlar döwletimiziň bagtly geljegidir, jemgyýetimiziň ygtybarly güýjüdir, milletimiziň beýik ynamydyr, ösüşlerimiziň kuwwatydyr. Hut şonuň üçin hem, ýaşlaryň jemgyýetde öz mynasyp orunlaryny tapmagy ugrunda ähli zerur şertleri döretmäge örän uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hormatly Prezidentimiziň ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde mynasyp orun eýeleýär. Ýaşlar guramasy ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlaryny özünde birleşdirip, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine barha işjeň goşulýar. Ýurdumyzda bagtyýar ýaşlarymyzyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna doly gatnaşmagyna, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklara, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi we zähmetsöýerligi terbiýelemäge hem-de döwrebap zähmet şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen ýaşlar syýasaty alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzda agzybirlik we ruhubelentlik bilen amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlaryň hem mynasyp paýynyň bolmagy örän guwandyryjydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik özgertmeler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýaş nesli hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek bolsa ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasyny düzýär.
Ýaşlar hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde gazanylýan beýik ösüşlere, özleri hakda edilýän alada çäksiz buýsanýarlar hem-de eşretli durmuşda ýaşaýandygy üçin özlerini juda bagtly duýýarlar. Biz – ýaşlar döwletimiz tarapyndan edilýän taýsyz aladalardan ruhlanyp, geljekde-de ýurdumyzy ösdürmek ugrunda zehinimizi, yhlas-ukybymyzy, zähmetimizi, başarnygymyzy gaýgyrmajakdygymyza Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi ynandyrýarys. Ýaşlara döwrebap hem kämil terbiýe, ylym-bilim bermekde, eşretli, bagtyýar durmuşy üpjün etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýänligi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly sagbolsun aýdýarys!
Menzil NURMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.