Ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty dabaralanýar
08-10-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gözel tebigatymyzy we onuň biodürlüligini goramak, ýer-suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barha rowaçlanýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu ugurda dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen möhüm hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar.
Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna dahylly kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, möhüm halkara konwensiýalaryna goşulyşmak babatda zerur çäreler amala aşyrylýar. Günleri bagtyýarlyga, rowaçlyga beslenýän gözel Diýarymyzyň ähli künjegini bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwürmek, şorlaşan ýerleri dikeltmek we ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak işine möhüm ähmiýet berilýär. Garagum sährasynyň goýnunda döredilen «Altyn asyr» Türkmen köli munuň aýdyň mysalydyr. Bu köl ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak bilen bir hatarda, tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagynda hem uly orun eýeleýär. Häzirki wagtda kölüň daş-töwereginde tokaý zolaklaryny döretmek babatda zerur işler amala aşyrylýar. Şonuň ýaly-da, Köpetdagyň eteginde uly tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi ýurdumyzda tebigaty goramak babatda giň gerimde durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň aýdyň netijeleridir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän asylly işler hakynda gürrüň edilende, Bötendagda döredilýän tokaý zolaklary barada hem buýsanç bilen nygtap geçmek zerurdyr.
Ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklaryň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge, ýaş nesillerde tebigata söýgini artdyrmaga gönükdirilen işler giň gerimde alnyp barylýar. Täsin tebigatymyzy gorap saklamak, ony netijeli peýdalanmak, şol baýlyklary halkymyzyň eşreti üçin ulanmak, ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalar Türkmenistanyň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş ýolunyň esasy ugrudyr.
Türkmenistan daşky gurşawy we atmosferany goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyna goşulmak bilen, BMG-niň ekologiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça konwensiýalaryna işjeň gatnaşýar. Olaryň hatarynda Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyny, Azon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasyny, Çölleşmä garşy göreş boýunça BMG-niň konwensiýasyny, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalmagyna we ýok edilmegine gözegçilik etmek boýunça Bazel konwensiýasyny, Biodürlülik baradaky konwensiýasyny, Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyna degişli Kiota teswirnamasyny, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny, Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin daşky gurşawy goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny görkezmek bolar.
Häzirki zaman halkara hukugynyň ösüş tapgyrynda howanyň netijeli halkara-hukuk goragy BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň çäklerinde sebitleýin derejede netijeli durmuşa geçirilýär. Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasy we onuň Kioto teswirnamasy bitewi bir hukuk guraly hökmünde, howany önümçilikleriň zyýanly zyňyndylaryndan goramakda, beýleki hapalaýjy maddalaryň azaldylmagyna ýardam etmekde uly işleri alyp barýar.
Sebitleýin derejede howany goramak çygrynda esasy halkara hukuknama Serhetüsti howanyň uzak aralyklara hapalanmagy hakynda konwensiýa we onuň Teswirnamasydyr. Bu resminama giňişleýin sebit derejesinde howanyň hapalanmagy bilen bagly bolan meseleleriň üstünde durýan ilkinji halkara hukuk guraly bolup durýar. Konwensiýa goşulyjy taraplaryň işjeňliginiň esasy ýörelgeleri adamy we daşky gurşawy howanyň hapalanmalaryndan goramak, mukdaryny azaltmak bilen bagly wezipelerden ybaratdyr.
Umuman, howany hapalaýjy çeşmeleriň islendik göwrümi diňe ýerli ýa-da belli bir ýere degişli derejede zyýanly maddalaryň ýaýramagyna täsirini ýetirmän, eýsem, döwletiň çäginden hem daşyna çykýar. Şol sebäpden serhetden geçijilik häsiýetli howanyň hapalanmagynyň garşysyna göreşmek bu ugurdaky tagallalaryň jebisligini talap edýär. Ýurdumyzyň öz nobatynda alyp barýan giň möçberli ekologiýa syýasaty netijesinde howanyň arassalygyny gorap saklamagyň we şäherleri, obalary gurşap alýan ýaşyl zolaklaryň döredilmegine gönükdirilen çäreleriň, ýagny bag ekmek dabaralarynyň yzygiderli geçirilmegi raýatlaryň sagdyn daşky gurşawa bolan konstitusion hukugynyň üpjün edilmegine giň mümkinçilikleri döredýär.
Goý, ekologiýa babatda umumadamzat bähbitli beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Bahar ÇARYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet hirurgiýasy kafedrasynyň asistenti.
“Dialog – parahatçylygyň kepili”
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.
SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.
ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere beslenýär.
«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.