Saglygy goraýyşda döwrebap hyzmatlar
07-01-26
Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilen adamyň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň esasy aladasydyr. Şu maksat bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýä ölçeglerine laýyk getirmäge gönükdirilen syýasy, ykdysady, medeni-durmuş özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, häzirki zaman binagärliginiň, şäher gurluşygynyň we ylmynyň öňdebaryjy çözgütleri esasynda gurlan Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine kanun esasynda eýe bolan “akylly” şäheriň peýda bolmagy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän nusgalyk şäherleri we şäherçeleri gurmagyň ýolundaky möhüm ädim boldy. “Geljegiň şäheri” diýlip ykrar edilen Arkadag şäheri jemgyýetçilik saglygyny goramak, öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary, şol sanda sanly lukmançylygy üstünlikli ornaşdyrmak babatda görülýän düýpli çäreleriň hem aýdyň görkezijisi boldy. Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “KTQ International GmbH” kompaniýasynyň şahadatnamasynyň, şeýle hem “Philips” enjamlary bilen üpjün edilen sebitiň ýokary tehnologiýaly hassahanasy” atly güwänamanyň berilmegi munuň subutnamasydyr. Çykyşlarda täze şäheriň durmuş düzüminde halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň bardygy bellenildi. Şolaryň hatarynda 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, “Tiz kömek” merkezi, saglyk öýi, şeýle hem ýöriteleşdirilen awtoulag serişdeleriniň dürli görnüşleri bilen üpjün edilen Awtoulaglar kärhanasy bar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen bu desgalaryň ählisi Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň garamagyndadyr. Müdirlik geçirilýän öňüni alyş we bejeriş çäreleriniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýokarda ady agzalan edaralaryň sazlaşykly işini üpjün etmäge gönükdirilen guramaçylyk-gözegçilik işini amala aşyrýar.
Täze şäherde bilim ugruna hem uly üns berlipdir. Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi ýaşlara saýlap alan hünärini öwrenmäge we ele almaga giň mümkinçilikleri döreder. Şunuň bilen birlikde, ilatyň saglygyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketini giňden wagyz etmek hem-de ösdürmek, bu herekete ilaty, ilkinji nobatda, ýaşlary giňden çekmek boýunça görülýän çäreler bilen berk baglanyşyklydyr.
Şu maksatlar bilen, Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredildi, degişli enjamlar bilen üpjün edilen köpugurly sport toplumy we sport merkezi, 10 müň orunlyk stadion guruldy. Bularda sportuň başa-baş görnüşleri, futbol, woleýbol, basketbol, tennis, agyr we ýeňil atletika, gimnastika, küşt, şaşka, sportuň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilipdir.
“Akylly” şäherde mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin hem ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulandygyny bellemek möhümdir. Durmuş ugurly syýasaty alyp barýan döwletimiz olara hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ene-atasyndan jyda düşen we aýratyn durmuş goldawyna mätäç bolan ýaşajyk raýatlarymyz baradaky aladany baş maksat edinýän uly işleri amala aşyrýar. Onuň ştab-kwartirasy Arkadag şäheriniň çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň edara binasynda ýerleşýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda adamyň saglygyny goramak we milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek babatda uly işler amala aşyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ilatyň ortaça ömür dowamlylygy yzygiderli ýokarlanýar, pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar, innowasion tehnologiýalar, lukmançylyk ulgamyndaky öňdebaryjy dünýä tejribesi işjeň ornaşdyrylýar.
Ýokary derejeli hünärmenleriň ýetişdirilmegi hem-de daşary ýurtly önüm öndürijileriň öňdebaryjy enjamlarynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, türkmenistanlylara lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleri elýeterli boldy. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň depginli ösdürilmegini göz öňünde tutýan özgertmeler maksatnamalaryna laýyklykda, Watanymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman saglygy goraýyş desgalary, lukmançylyk merkezleri, şypahanalar gurulýar. Iri halkara guramalar, şol sanda BMG we onuň düzüm birlikleri — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, şeýle hem iri lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlyk ýylsaýyn pugtalandyrylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-günüň bagtyýar durmuşda sagdyn we uzak ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Bahar ÇARYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet hirurgiýasy kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.